Press reliz

Birleşen Milletler Guramasy deňize çykmaga mümkinçiligi bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geljekde ýüze çykyp biljek pandemiýalara garşy çydamlylygyny ösdürmek üçin halkara tranzit ulgamlaryny pugtalandyrmaga çagyrýar

16 awgust 2021

  • Birleşen Milletler Guramasynyň şu günki çykaran täze hasabatynda aýdylmagyna görä, Deňize çykmaga mümkinçiligi bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň (DÇMBÖBÝ) pandemiýadan soň netijeli dikelmegi we geljekde ýüze çykyp biljek pandemiýalara we adatdan daşary ýagdaýlara çydamly bolmagy üçin tranzit ulgamlarynda we halkara serhetlerde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak zerurdyr.

DÇMBÖBÝ üçin Halkara barlag merkezi bilen bilelikde ýazylan “COVID-19 pandemiýasynyň DÇMBÖBÝ-a ýetiren täsiri we bu ýurtlaryň pandemiýa garşy gören çäreleri” atly hasabat DÇMBÖBÝ-yň deňize çykmaga elýeterliliginiň ýokdugyny we COVID-19 pandemiýasy döwründe dünýä bazarlarynyň bu ýurtlary nädhili derejede howp astyna salýandygyny görkezýär.

"Bütin dünýäde karantin çäklendirmeleri goýulan we döwletleriň arasynda serhetleriň ýapylan döwründe DÇMBÖBÝ dünýä bazarlaryna, azyk önümlerine we lukmançylyk serişdelerine elýeterliligi çäklendirilen ýagdaýda umytsyz ýagdaýa düşdüler we şonuň üçin pandemiýa garşy göreşmek ugrunda yzda galdylar" - diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň ösüşi iň pes bolan ýurtlaryň, Deňize çykmaga mümkinçiligi bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň we ösýän kiçi ada ýurtlaryň meseleleri boýunça ýokary wekili jenap Kourtenaý Rattray aýtdy. “Munuň gaýtalanmagyna ýol berilmeli däl. Bu ýurtlar zerur bolanda harytlaryň we hyzmatlaryň ygtybarly we üznüksiz akymyny üpjün etmek üçin has netijeli tranzit ulgamlaryna mätäç bolup durlar. Olara COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek we ondan soň dikelmek üçin goldaw berilmelidir."

Hasabatda dünýäniň Deňize çykmaga mümkinçiligi bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geljekde ýüze çykyp biljek çökgünliklere garşy netijeli çäreleri görmegi üçin harytlary we hyzmatlary,şeýle hem lukmançylyk serişdelerini üpjün etmek, hem-de serhet geçelgelerinde howpsuzlyk çärelerini utgaşdyrmak üçin serhetaşa ulag ulgamlarynyň açyk bolmagyna çagyrylýar.

DÇMBÖBÝ üçin Halkara barlag merkeziniň opersiýalar bölüminiň müdiri we ylmy-barlag işleri boýunça utgaşdyryjysy jenap Dulguun Damdin-Od “Serhetler Deňize çykmaga mümkinçiligi bolmadyk ösüp barýan ýurtlarynyň dünýäniň beýleki künjeklerine çykmak üçin ýeke-täk derwezesidir we biz bu derwezeleriň çökgünlik döwründe açyk bolmagyny üpjün etmelidiris" – diýip aýtdy. Biz has gowy we durnukly geljegi döretmek ugrunda alyp barýan işlerimizde DÇMBÖBÝ-ny ünsden düşürmeli däldiris."

Deňize çykmaga mümkinçiligi bolmadyk ösüp barýan ýurtlar harytlary import we eksport etmek ugrundaky tagallalarynda päsgelçilikleri başdan geçirýärler. Pandemiýa DÇMBÖBÝ-nyň koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin zerur bolan gurallara elýeterliligi üpjün etmek üçin göreş alyp barmaklaryna sebäp bolmak bilen, şeýle hem sanjymlary import etmegi mümkin bolmadyk ýagdaýa salmak bilen bu meseläni has hem çylşyrymlaşdyrdy.

Aslynda, 2021-nji ýylyň iýun aýyna çenli dünýädäki COVID-19 sanjymlarynyň 1%-i dünýä ilatynyň 7%-niň ýaşaýan ýurtlary bolan DÇMBÖBÝ-na paýlandy. Hasabatda diňe sanjymlary ileri tutmak bilen dünýä DÇMBÖBÝ-nyň ykdysady dikelişini tizlendirip, COVID-19 pandemiýasynyň zyýanly täsirini ýetiren ugurlaryny täzeden dikeldip boljakdygy aýdylýar.

Deňize çykmaga mümkinçiligi bolmadyk ösüp barýan ýurtlar halkara söwdasy boýunça goňşularyna - üstaşyr ýurtlara bil baglaýarlar. Bütin dünýäde karantin çäklendirmeleri harytlaryň DÇMBÖBÝ üçin gönüden-göni elýeterli bolmandygy sebäpli azyk we lukmançylyk serişdeleriniň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Habarlaşmak üçin: BMG-niň ösüşi iň pes bolan ýurtlaryň, Deňize çykmaga mümkinçiligi bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň we ösýän kiçi ada ýurtlaryň meseleleri boýunça ýokarywekiliniň edarasynyň, jemgyýetçilik işleri boýunça maglumat işgäri, Jenap Nikolas Keolin, Nicholas.ceolin@un.org

Hasabaty okaň: https://www.un.org/ohrlls/report-impact-covid19-landlocked-developing-c…

DÇMBÖBÝ barada: Deňize çykmaga mümkinçiligi bolmadyk ösüp barýan ýurtlar deňize çykmaga ýagdaýy bolmadyk, dünýä bazarlaryndan üzňe we tranzit çykdajylary ýokary bolanýurtlardyr. Bu kynçylyklar, olaryň umumy durmuş-ykdysady ösüşine çäklendirmeleri girizmegi dowam etdirýär.

Goşmaça maglumat üçin: Deňize çykmaga mümkinçiligi bolmadyk ösüp barýan ýurtlar | BMG-niň ösüşi iň pes bolan ýurtlaryň, Deňize çykmaga mümkinçiligi bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň we ösýän kiçi ada ýurtlaryň meseleleri boýunça ýokary wekiliniň edarasy

BMG-niň ösüşi iň pes bolan ýurtlar, Deňize çykmaga mümkinçiligi bolmadyk ösüp barýan ýurtlar we ösýän kiçi ada ýurtlaryň meseleleri boýunça ýokary wekiliniň edarasynyň resmi web sahypasy: www.un.org/ohrlls

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UN
Birleşen Milletler Guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz