Press reliz

Halkara Migrasiýa Guramasy ýolagçylar barada deslapky maglumat we awiakompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk boýunça milli okuw maslahatyny geçirdi

17 awgust 2021

  • Halkara Migrasiýa Guramasy (HMG) – BMG-niň Migrasiýa Guramasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy bilen bilelikde ýolagçylar barada deslapky maglumat (API) we awiakompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk boýunça milli okuw maslahatyny gurady.

Bu okuw maslahaty HMG-niň Ösüş gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän we gatnaşyjylary API ulgamyny ornaşdyrmak prosesi bilen tanyşdyrmaga gönükdürilen "Merkezi Aziýada ýolagçylar barada deslapky maglumat ulgamyny ornaşdyrmak" atly sebitleýin taslamanyň çäginde geçirildi.

Bu okuw maslahatynyň esasy maksady, API ulgamyny amala aşyrmak üçin möhüm ädim hökmünde howa gatnawçylary bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmakdyr.

“API ulgamyny ornaşdyrmak üçin howa gatnawçylary bilen hyzmatdaşlyk etmek möhüm orna eýedir”- diýip, gatnawçylar bilen aragatnaşyk boýunça Sloweniýadan gelen hünärmen Aleş Kersniç belläp geçdi.

Mundan başga-da, maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar ýekeje penjire/ýolagçylar barada maglumatlary gaýtadan işlemek merkezi (PIU), awiakompaniýalaryň ulgamlarynyň tehniki taraplary, hukuk esaslary, maglumatlaryň gizlinligi we maglumatlary goramak boýunça Ýewropa ülňüler ýaly meselelere degip geçdiler.

Bu çärä ýolagçylar barada maglumatlary gaýtadan işleýän edaralaryň we ministrlikleriň wekilleri, şol sanda milli polisiýa, Milli howpsuzlyk ministirligi, Milli gümrük gullugy, Migrasiýa gullugy, howa menziliniň howpsuzlyk işgärleri, raýat awiasiýasy, Türkmenistanyň awiakompaniýalary gatnaşdy. Şeýle-de, maslahatda Wenadan serheti dolandyrmak boýunça ýokary tehniki hünärmen - HMG-niň wekili Pýer Rossi-Longi, Sloweniýadan howa gatnawçylary bilen aragatnaşyk boýunça we maglumatlary gaýtadan işlemek merkeziniň işgäri Aleş Kersniç, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Adylbek, Kadaraliýew sebitleri boýunça Halkara howa ulaglary birleşiginiň utgaşdyryjysy Ruslan Sarin çykyş etdiler.

Ähli hünärmenler API ulgamyny durmuşa geçirmek we ulanmak boýunça özboluşly tejribeleri, giňişleýin tehniki maglumatlar we dolandyryş ugurnda düşünjeler hem-de innowasion çözgütler bilen paýlaşdylar.

Bu okuw maslahaty, HMG tarapyndan Türkmenistanda API ulgamy bilen tanyşdyrmak üçin geçirilýän çäreleriň biridir. HMG Türkmenistanyň hökümeti bilen API ulgamyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly köp meselelerde tehniki tejribe we teklipleri bermek bilen işleşmegi dowam etdirmäge taýýar.

Döwletgeldi Çaryýew

Döwletgeldi Çaryýew

IOM
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

TKM SMS
Turkmenistan State Migration Service

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz