Press reliz

BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Merekezi Aziýadaky wekilhanasy Gazagystanda Al-Farabi adyndaky milli uniwersiteti we Merkezi Aziýanyň raýatsyzlyk boýunça tory bilen raýatsyzlyk boýunça 2-nji sebitleýin bäsleşigi yglan edýär

21 September 2021

  • Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Merekezi Aziýadaky wekilhanasy Gazagystanda Al-Farabi adyndaky milli uniwersiteti we Merkezi Aziýanyň raýatsyzlyk boýunça tory bilen bilelikde “1961-nji ýyldaky raýatsyzlygy azaltmak baradaky konwensiýanyň ähmiýeti” atly raýatlyksyzlyk boýunça ikinji sebitleýin bäsleşigi yglan edýär.

Bütin dünýäde millionlarça adam raýatlykdan mahrum we şeýlelik bilen kanuny hukuklaryndan peýdalanyp bilemýärler. Olar resminama ýüzünde ýok we adatça çetde ýaşaýarlar. Raýatlygy bolmadyk adamlara köplenç esasy durmuş hyzmatlary, şol sanda saglygy goraýyş hyzmatlary elýeter däldir. Şeýle möhüm, global pandemiýanyň döwründe bu adamlar ünsden düşmek ýaly howp astyna düşýärler. Raýatlygy bolmadyk adamlar goldawdan, koronawirus barlagyndan we bejergisinden mahrum bolup bilerler ýa-da bu hyzmatlardan peýdalanmak üçin päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolup bilerler, beýlekiler bolsa, olaryň kanuny statusy zerarly tussag edilmeginden ýa-da ýurtdan çykarylmagyndan gorkup, hyzmatlardan peýdalanmakdan saklanyp bilerler.

Kanuny hukuklaryň we hyzmatlara elýeterliligiň bolmazdan, raýatsyzlyk köp adamlary syýasy we ykdysady taýdan çetleşdirýär, olaryň kemsidilmegine we ekspluatasiýasyna, şeýle hem sütemlere sezewar bolmaklaryna sebäp bolýar. Dünýäniň köp ýurtlarynda raýatlygy bolmadyk adamlar ýokaşma howpuny artdyryp biljek sanitariýa taýdan howpsuz şertlerinde ýaşaýarlar. Kanuny statusy zerarly çäklendirilen, raýatlygy bolmadyk adamlaryň köpüsi resmi däl pudaklarda işleýärler, bu bolsa öz-özüňi çetleşdirmek we fiziki taýdan uzaklygy saklamak ýaly umumy saglygy goraýyş kadalarynyň berjaý edilmegine päsgel berip biler.

Raýatsyzlygyň öňüni almalydygyna we bu maksada diňe halkara hyzmatdaşlygy arkaly ýetip boljakdygyna öňden bäri mälim bolsa-da, köp döwletler her bir adamyň raýatlyk hukugyndan peýdalanmagyny üpjün etmek üçin köp çäreleri görmeli. Döwletleriň raýatlygy almak we ondan mahrum bolmak meselesinde alyp barýan dürli-dürli çemeleşmeleri sebäpli käbir adamlar raýatlykdan mahrum bolýarlar. Şonuň üçin bu meseleleriň çözgüdini tapmak üçin umumy düzgünleriň bolmagy zerurdyr. 1961-nji ýyldaky konwensiýa raýatsyzlyk howpuna adalatly we laýyk çäreleriň görülmegini üpjün etmek üçin aýdyň, giňişleýin we anyk çäreleri öz içine alýan ýeke-täk guraldyr.

2021-nji ýylda 1961-nji ýyldaky konwensiýanyň kabul edilmeginiň 60 ýyly dolýar. BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygy bu senäni bellemek üçin orta mekdepleriň okuwçylaryny we uniwersitetiň talyplaryny 1961-nji ýyldaky konwensiýanyň şu wagta çenli ähmiýeti barada öz makalalaryny we ylmy işlerini paýlaşmaga çagyrýar.

Bäsleşigiň maksady

Bäsleşigiň esasy maksady mekdep okuwçylaryny we uniwersitetleriň talyplaryny raýatlyk, raýatsyzlyk we 1961-nji ýyldaky raýatlyksyzlyk baradaky konwensiýasynyň halkara hukugynyň ewolýusiýasyna eden täsiri we häzirki wagtda onuň ähmiýeti barada barlag we ylmy-gözleg işlerini geçirmekdir.

Bäsleşligiň ýumuşy

Bäsleşik gatnaşyjylaryň iki kategoriýasy üçin açykdyr:

Düzme ýazýan kategoriýa üçin: Mekdep okuwçylary (orta mekdepleriň 7-11-nji synplary) – kategoriýanyň gatnaşyjylary "1961-nji ýyldaky raýatlyksyzlyk baradaky konwensiýa nähili işlenip düzüldi we ol raýatlyksyzlyk boýunça meseleleriň çözgüdini tapmak ugrunda nähili ýardam edýär?" diýen mowzukda 1000 sözden ybarat bolan düzme ýazmaly.

Ylmy işler kategoriýasy: Uniwersitetleriň talyplary (bakalawr we aspirantura): Bu kategoriýanyň gatnaşyjylary raýatlyk we raýatsyzlyk, onuň sebäpleri we netijeleri, 1961-nji ýyldaky raýatlyksyzlyk baradaky konwensiýasynyň halkara hukugynyň ewolýusiýasyna edýän täsiri we onuň häzirki wagtda ähmiýeti, durmuş-ykdysady hukuklary, raýatsyzlygy azaltmak we onuň öňüni almak, raýatlygy bolmadyk adamlary goramak we 2024-nji ýyla çenli raýatlygy aradan aýyrmak üçin innowasion çözgütler barada 6,000 sözden ybarat bolan ylmy işini tabşyrmaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin talaplar

Gatnaşyjylar:

Düzme ýazýan kategoriýa üçin: gatnaşyjylar işini tabşyran wagtynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň ýa-da Özbegistanyň orta mekdepleriniň 7-11-nji synp okuwçylary bolmaly.

Ylmy iş ýazýan kategoriýasy üçin: gatnaşyjylar işini tabşyran wagtynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň ýa-da Özbegistanyň akkreditlenen uniwersitetinden bakalawr ýa-da aspirantura talyplary bolmaly.

Bäsleşik üçin ýazylan işler diňe dalaşgär tarapyndan iňlis ýa-da rus dilinde ýazylmalydyr we başga hiç bir ýere çap edilmäge tabşyrylmaly däldir.

Tabşyrylmaly işler:

Düzme: 1,000-e çenli sözden ybarat bolmaly

Ylmy işler: aşaky bellikler bilen 6,000 sözden ybarat bolmaly.

Her bir dalaşgäriň diňe bir işi tabşyrmaga mümkinçiligi bar.

Her bir iş diňe bir ýazyjy tarapyndan hödürlenip bilner.

BMG-niň Bosgunlaryň meseleleri boýunça guramasynyň we onuň taslamalaryny durmuşa geçirýän hyzmatdaş guramalarynyň işgärleriniň garyndaşlary bolan şahsyýetler bu bäsleşige gatnaşyp bilmezler.

Resminamalary tabşyrmagyň möhleti, usuly, bäsleşigiň proseduralary we işlere baha berme

Soňky möhlet: 2021-nji ýylyň 22-nji oktýabry, sagat 23:59 (GMT + 6).

Dalaşgärler hasaba alyş formasyny doldurmaly we ony Microsoft Word formatda ýazan işi (düzme ýa-da ylmy iş) bilen bilelikde: kazalres@unhcr.org elektron poçtasyna “2021-nji ýylda raýatsyzlyk boýunça işleriň sebitleýin bäsleşigi” mowzugy bilen ibermeli. Soraglar hem şol bir salga gönükdirilmelidir.

Dalaşgärler resminamalary tabşyrmak bilen, bäsleşigiň talaplaryny ýerine ýetirýändiklerini görkezýärler. Guramaçylar, hukugynyň resmi subutnamasyny sorap bilerler.

Dalaşgärler tabşyrmagyň soňky möhletinden 72 sagatdan gijä galman, resminamalaryň iberilendigini tassyklaýan e-poçta alarlar.

Bäsleşik proseduralary we saýlamak şertleri

Gizlin ýadaýda saklamak maksady bilen ähli tabşyrylan resminamalara belgiler berler.

Barlagçy komissiýa işlere syn berende şol sanlara salgylanar.

Bäsleşigiň işlerine BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň, Gazagystanyň Al-Farabi adyndaky Milli Uniwersitetiniň we Merkezi Aziýanyň raýatlygy aradan aýyrmak boýunça torunyň wekillerinden ybarat bolan barlag edýän komiteti tarapyndan baha berler.

Düzmelere baha berlende, şu şertler göz öňünde tutular:

Mazmuna düşünmek (30%);

Innowasion we döredijilikli pikirler (30%);

Dogry we aýdyň derňew (20%);

Açyklyk we guramaçylyk (10%);

Usulyýet we grammatika (10%).

Ylmy işlerine baha berlende:

Mazmuna düşünmek, faktlary we kanunlary bilmek (30%);

Ylmy işleriň, innowasiýalaryň we ylmy döredijiligiň gerimi (30%);

Dogry we aýdyň derňew, pikiriň ýerine ýetirilişi (20%);

Açyklyk we guramaçylyk (10%);

Usulyýet, grammatika we çeşmeleriň dogry beýany (10%).

Bäsleşigiň baýraklary we ýeňijileriň yglan edilmegi

Düzme kategoriýasy

1-nji ýer - noutbuk;

2-nji ýer - planşet;

3-nji ýer – smartfon

Ylmy iş kategoriýasy

1-nji ýer - raýatsyzlyk boýunça halkara kursy we noutbuk;

2-nji ýer - planşet;

3-nji ýer – smartfon

Ýeňijileriň ady BMG-niň Bosgunlaryň meseleleri boýunça guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin bölüminiň we onuň hyzmatdaşlarynyň web sahypalarynda we sosial aragatnaşyk torlarynda mälim ediler. Şeýle hem, gatnaşyjylaryň elektron poçtasyna bäsleşligiň soňky netijesini yglan edýän hat iberiler.

BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Merekezi Aziýadaky wekilhanasy Gazagystanda Al-Farabi adyndaky milli uniwersiteti we Merkezi Aziýanyň raýatsyzlyk boýunça tory bilen raýatsyzlyk boýunça 2-nji sebitleýin bäsleşigi yglan edýär

Mahri Eyeberdiyeva

Mähri Eýeberdiýewa

RCO
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz