Press reliz

BMGÖM we hyzmatdaşlar Türkmenistanyň COVID19 garşy taýýarlygyny güýçlendirýärler

20 oktýabr 2021

  • Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy (BMGÖM) Bütindünýä Banky (WB) we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (TSGweDSM) bilen bilelikde Bütindünýä Banky tarapyndan maliýeleşdirilýän COVID-19-a jogap boýunça bilelikdäki täze taslama başlamak üçin onlaýn seminar geçirdi.

Bu seminar, Türkmenistan hökümetiniň, BMG agentlikleriniň we ýurtda akkreditlenen beýleki halkara guramalarynyň wekillerini ýygnady we taslamanyň ýerine ýetirilişiniň esasy amaly we maliýe taraplaryny gözden geçirmäge we ara alyp maslahatlaşmaga we taslamanyň ilkinji ýylynda durmuşa geçirilmeli strategiki ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirildi.

BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Sahakýan: "BMGÖM, Bütindünýä Banky, BMG-nyň beýleki agentlikleri we Türkmenistanyň hökümeti bilen birleşip, ýurduň Milli saglygy goraýyş ulgamyny güýçlendirmek, häzirki we geljekki pandemiýalara garşy taýýarlygyny güýçlendirmek üçin taýyn" -diýip belledi.

***

20 million dollarlyk “Türkmenistan COVID-19 jogap” taslamasy Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýär we BMGÖM we TSGweDSM tarapyndan COVID19 pandemiýasyna garşy ýurduň milli anyklaýyş we bejeriş mümkinçiliklerini güýçlendirmek, lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, reagentleri we lukmançylyk enjamlaryny satyn almak we sosial töwekgelçilikleri çözmek ýaly maksatlary öz içine alýar. Taslama ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin sanly çözgütleriň girizilmegini goldar.

Taslama, COVID-19 bilen göreşmek üçin öňüni alyş çärelerini kesgitleýän “Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere taýýarlyk we garşylyk meýilnamasyny” (CPRP) durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalara goşant goşýar.

Jahan Saparmamedowa

Jahan Saparmamedowa

UNDP
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz