Press reliz

Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine syn bermek

25 oktýabr 2021

  • Şu gün, Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň Hökümeti bilenbilelikde 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi barada syn bermekwe ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnak geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň çäginde gazanylan netijeleri, şol sanda saglygy goraýyş işgärleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, netijeli öňüni alyş çäreleri işläp düzmek, COVID-19 garşy sanjym, halkara ülňülerine laýyklykda bejergi barada teswirnamalary düzmek we giriş nokatlarynda çäreleri güýçlendirmek barada tiz wagtda maglumatlary alyş-çalyş etmek ýaly möhüm meseleleri araalyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň çäginde meýilleşdirilen býudjety we gowşurylyş prosesini, şol sanda Türkmenistanda lukmançylyk enjamlaryny, dermanlary we sanjymlary satyn almak ýaly meseleleri gözden geçirdiler. Şeýle hem, Hökümetiň wekilleri ilatyň 72% -inden gowragyna COVID-19 sanjymynyň azyndan bir dozasy edilendigi barada habar berdiler.

BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko meýilnamany durmuşa geçirmekde berýän goldawy üçin Türkmenistanyň Hökümetine we hyzmatdaşlara minnetdarlyk bildirdi. Ol meýilnamanyň durmuşa geçirilşine, şol sanda bütindünýä pandemiýasyna garşy göreşmek ugrunda utgaşdyryş işlerini gowlandyrmak - töwekgelçilikler barada habar bermäge, ilat bilen aragatnaşyk saklamaga, keselleri irki wagtda ýüze çykarmaga we barlag geçirmäge goldaw berjek, Bütindünýä banky bilen BMGÖM-niň “Türkmenistanda COVID-19 pandemiýasyna garşy çäreleri görmek” atly bilelikdäki taslamasynyň ýakynda ýola goýulandygyny hem ýatlap geçdi.

Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasy 2020-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklandy we 2021-nji ýylyň aprel aýynda täzelendi. Bu meýilnama BMG-niň Baş sekretarynyň koronawirus ýokançlygyna garşy göreşmek üçin ýurt we dünýä derejesinde ýeke-täk ülňüniň çäginde utgaşdyrylan çäreleri işläp düzmek baradaky çagyryşyna jogap hökmünde taýýarlandy.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDSS
BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň howpsuzlyk we goraglylyk bölümi
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz