Press reliz

Türkmenistan rasa diskriminasiýasyny aradan aýyrmak baradaky halkara konwensiýa boýunça Komitetine hasabatyny berer

27 awgust 2019

  • BMG-nyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň hökümetini BMG-nyň adam hukuklary boýunça şertnamalaýyn edaralatyny habarly etmek boýunça tagallalaryny goldaýar.

Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde BMGÖM rasa diskriminasiýasyny aradan aýyrmak baradaky halkara konwensiýasy (RDAA) boýunça birleşdirilen on ikinji we on üçünji hasbatlary taýýarlamak dogrusynda adam hukuklary we ynsanperwer hukuklar boýunça Türkmenistanyň borçnamalaryny ýerine ýetirmek baradaky edaralaryň arasyndaky iş toparynyň wekilleriniň gatnaşmagynda tehniki seminary gurnady.

“Edaralaryň arasynda iş topary bilen bilelikdäki iş prosesi RDAA boýunça hasabatyň taýýarlanyş prosesini höweslendirýär, bu prosese döwlet edaralarynyň we garaşsyz edaralaryň gatnaşmagy bolsa ähmiýetli derejede hasabatyň hilniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Ol hem bir tarapdan, hasabat döwründe Türkmenistanyň gazanan ösüşlerini şöhlelendirýär, beýleki tarapdan bolsa, Komitetiň ähli galan maslahatlaryny durmuşa geçirmek üçin geljekde ýerine ýetirilmeli hereket boýunýa Komitete habar berýär” – diýip, çagyrylan bilermen Jorj Tuguşi belläp geçdi. “Uniwersal döwürleýin seljermäni (UDS) durmuşa geçirmek boýunça meniň ozalky we häzirki tejribäm (2018-nji ýyl) adama hukuklary boýunça halkara guramalarynyň maslahatlaryny ýerine ýetirmekde hökümetiň ymtylyşlaryny we bu işe wepalylygyny ýene bir gezek görkezýär”.

Seminaryň çäklerinde oňa gatnaşyjylar beýleki ýurtlaryň RDAA boýunça komitete hasabatlarynyň mysallaryna, hem-de Türkmenistanyň 2016-njy ýyl boýunça sekizinji we on birinji döwürleýin seljermeleri dogrusynda berlen maslahatlara seretdiler.

Gatnaşyjylar şeýle hem etniki, dini we dil toparlarynyň hem-de ol toparlaryň çagalarynyň hukuklaryny goramagy we höweslendirmegi şöhlelendirýän hasabatyň tekstiniň taslamasynyň üstünde işlediler. Bilermenler diskriminasiýa boýunça şikaýatlary kabul etmegiň we olara seretmegiň bar bolan mehanizmlerini, ombudsmeniň dolandyrmagy boýunça mümkin bolan maslahatlary, hukuk reformasyny hem-de halkara ylalaşyklaryň ratifikasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Iş topary şeýle hem raýatlygy bolmadyk şahslaryň, raýat jemgyýetiniň, garaşsyz kazyýet häkimýetiniň hukuklary we azatlyklary, aklawjylary we hukuk goraýyş edaralarynyň işgärlerini taýýarlamak boýunça maslahatlara seretdi.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz