Press reliz

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropadaky edarasynyň ýokary derejeli bilermenleriniň tabşyrygy Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň taýýarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdürilen işini tamamlaýar

29 November 2021

  • BSGG-niň köp ugurly bilermenlerden ybarat bolan topary Türkmenistanda, hususan-da, dünýä derejesinde pandemiýanyň adatdan daşary ýagdaýy döreden döwründe saglygy goraýyş ulgamynyň taýýarlygyny güýçlendirmek maksady bilen hökümet edaralary bilen işleşmek üçin niýetlenen bir hepdelik tabşyrygy tamamlady.

“Saparymyzyň dowamynda delta görnüşiniň ýaýramagy sebäpli sebit boýunça pandemiýanyň üýtgeýän häsiýetini bellemek isledik. Şeýle hem, biz täze görnüşleriň ýüze çykmagyna we olaryň dünýä ýüzi boýunça, hat-da, sanjymlaryň köp edilen ýurtlarynda hem ýaýrandygyna üns berdik."- diýip BSGG-niň Ýewropadaky edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunçasebitleýin müdiri doktor Dorit Nitzan aýtdy.

Saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmagyň esasy ugurlaryna üns bermek

Bu tabşyrygy gurnamak boýunça karar BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory doktor Hans Klugeniň Türkmenistana gelen döwründe berildi, ileri tutulýan ugurlarTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen maslahat edilende kesgitlendi. Bu ileri tutulýan ugurlar saglyk diplomatiýasy, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk, epidemiologiýa we gözegçilik ukyby, sanlaşdyrma we innowasiýa ýaly ugurlardan, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary üçin saglygy goraýyş pudagynda saglygy goraýyş ulgamynyň Ýol kartasyny işläp düzmek ýaly sebitleýin başlangyçlardan ybaratdyr.

Tabşyrygyň agzalary adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we çäreleri görmek, ýokaşmaýan keseller, daşky gurşaw we bir saglyk, epidemiologiýa we gözegçilik, saglygy goraýyş baradamaglumatlar we maglumat ulgamlary, sanly saglygy goraýyş ulgamlary we innowasiýa ýaly ugurlar boýunça bilermenlerden ybaratdyr. Türkmen bilermenleri bilen bilelikde işleşip, olar dogry maglumatlara, ylmy subutnamalara we Ýewropa sebitindäki beýleki ýurtlaryň tejribesine esaslanyp, teklipleri işläp düzmegi başardylar.

COVID-19-y wagtynda ýüze çykarmak - netijeli çäre görmegiň esasydyr

Bu tabşyrygyň möhüm bir bölegi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, hem-de Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň işgärleri bilen Bir Saglyk ýörelgelerine esaslanýan bakteriologiýa we wirusologiýa ugurlary boýunça sebitleýin mümkinçilikleri ýokarlandyrmak barada pikir alyşmak boldy. Mundan başga-da, bu tabşyrykda COVID-19-yň ýüze çykarylmagyna ýardametmek üçin wiruslaryň genetiki yzygiderlilik mümkinçiliklerini nädip ornaşdyrylyp bilinjekdigibarada öwrenildi.

“Bu tabşyryk COVID-19-y ýüze çykarmak üçin edilýän tagallalary güýçlendirmegiň zerurdygyny görkezdi. Wirusyň ýokaşandygy barada wagtynda habar bermek hökmanydyr, çünki bu çäreleri görmek üçin goşmaça serişdeleri işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär: aragatnaşyklary yzarlamak; karantin; ýeterlik derejede ideg etmek we ýokaşma hadysasyny kadalaýyk dolandyrmak; epidemiologiki ýagdaýlarda çäreleri görmek; gözegçilik etmek we barlagdan geçirmek. Bularyň hemmesi jemgyýetiň gatnaşygyny talap edýär we aç-açandyr."- diýip, doktor Dorit Nitzan saparynyň ahyrynda eden çykyşynda aýtdy.

BSGG-niň bilermenleriniň Türkmenistana COVID-19-a garşy taýýarlyk görmekde goldaw bermek bilen bir hatarda ýokanç däl keseller, temmäka garşy göreşmek we saglygy goraýyş pudagynyň maglumat ulgamlary ýaly beýleki ugurlar boýunça maslahat bermek üçin birnäçe lukmançylyk edaralaryna baryp görmäge mümkinçilikleri boldy.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropadaky edarasynyň ýokary derejeli bilermenleriniň tabşyrygy Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň taýýarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdürilen işini tamamlaýar

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz