Press reliz

Mekdep okuwçylary we talyplar üçin raýatsyzlyk mowzugy boýunça bäsleşlik

10 December 2021

  • Biz mekdep okuwçylar we talyplar üçin raýatsyzlyk mowzugy boýunça bäsleşigimiziň ýeňijilerini uly şatlyk bilen yglan edýäris.

1-nji kategoriýa: Mekdep okuwçylary

1-nji ýer - Timur Arazmedow, Türkmenistan;

2-nji ýer - Şugyla Salimulda, Gazagystan;

3-nji ýer - Enara Çaryýewa, Türkmenistan.

Düzmäniň mowzugy: 1961-nji ýyldaky raýatlyksyzlyk baradaky Konwensiýasynyň işlenip düzülişi we raýatsyzlyk boýunça meseleleriň çözgüdini tapmakda onuň tutýan orny.

2-nji kategoriýa: Uniwersitetleriň talyplary

1-nji ýer - Nowruz Nurberdiýew, Türkmenistan - 1961-nji ýyldaky Konwensiýanyň raýatsyzlygy azaltmakda edýän täsiri;

2-nji ýer - Marsel Nurbolotow, Gyrgyzystan Respublikasy - raýatsyzlygy azaltmak baradaky 1961-nji ýyldaky Konwensiýanyň ähmiýeti we raýatsyzlygy aradan aýyrmak üçin çözgütleri tapmak;

3-nji ýer - Şahnoza Idjanowa, Gazagystan - Raýatsyzlygyň ýüze çykan döwri: hukuk howpsuzlygy, durmuş-ykdysady hukuklar, innowasion çözgütler.

BMG-niň Bosgunlaryň meseleleri boýunça guramasy Gazagystan döwletiniň Al-Farabiadyndaky Milli Uniwersiteti we Merkezi Aziýanyň raýatsyzlyk boýunça Ulgamy (CANS) bilen bilelikde talyplar üçin ikinji sebitleýin bäsleşigini yglan edýär “1961-nji ýyldaky raýatsyzlygy azaltmak baradaky Konwensiýanyň täsiri."

Biz BMG-niň raýatsyzlygy azaltmak baradaky Konwensiýasynyň 60 ýyllygy mynasybetlihalkara gatnaşyklary, halkara hukuk we adam hukuklary ýaly mowzuklar bilen gyzyklanýan mekdep okuwçylaryny we uniwersitetiň talyplaryny 1961-nji ýyldaky Konwensiýanyň täsiri we onuň şu günki güne çenli ähmiýeti barada düzmelerini ýa-da ylmy işlerini hödürlemäge çagyrýarys.

Ýumuşlar

Düzme

Mekdep okuwçylary (orta mekdepleriň 7-11-nji synplary)- bu kategoriýanyň gatnaşyjylary“1961-nji ýyldaky raýatlyksyzlyk baradaky Konwensiýasy nädip gelip çykdy we olraýatsyzlygy aradan aýyrmakda nähili ýardam edýär?” mowzugynda 1,000 sözden ybarat bolan düzmelerini hödürlemeli.

ýa-da

Ylmy iş

Uniwersitetleriň talyplary (talyplar we aspirantlar)- bu kategoriýanyň gatnaşyjylary raýatlyk we raýatsyzlyk, onuň sebäpleri we netijeleri, 1961-nji ýyldaky raýatlyksyzlyk baradakyKonwensiýasynyň halkara hukugynyň ewolýusiýasyna edýän täsiri we onuň häzirki wagta çenli dowam eden ähmiýeti, biri-biri bilen baglanyşykly durmuş-ykdysady hukuklar, raýatsyzlygy azaltmak we öňüni almak, raýatlygy bolmadyk adamlary goramak we 2024-nji ýyla çenli raýatsyzlygy ýok etmegiň esasy maksadyna ýetmek üçin innowasion çözgütler ýaly mowzuklar boýunça 6,000 sözden ybarat bolan ylmy işini hödürlemeli.

Gatnaşmak üçin talaplar

Düzme ýazýan kategoriýa üçin: gatnaşyjylar işini tabşyran wagtynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň ýa-da Özbegistanyň orta mekdepleriniň 7-11-nji synp okuwçylary bolmaly.

ýa-da

Ylmy iş ýazýan kategoriýasy üçin: gatnaşyjylar işini tabşyran wagtynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň ýa-da Özbegistanyň akkreditlenen uniwersitetinden bakalawr ýa-da aspirantura talyplary bolmaly.

Işleri ýazmak üçin talaplar

Bäsleşik üçin ýazylan işler diňe dalaşgär tarapyndan iňlis ýa-da rus dilinde ýazylmalydyr we başga hiç bir ýere çap edilmäge tabşyrylmaly däldir.

Tabşyrylmaly işler:

Düzme: 1,000-e çenli sözden ybarat bolmaly

Ylmy işler: aşaky bellikler bilen 6,000 sözden ybarat bolmaly.

Her bir dalaşgär diňe bir işi tabşyrmaga mümkinçiligi bar.

Her bir iş diňe bir ýazyjy tarapyndan hödürlenip bilner.

BMG-niň Bosgunlaryň meseleleri boýunça guramasynyň we onuň taslamalaryny durmuşa geçirýän hyzmatdaş guramalarynyň işgärleriniň garyndaşlary bolan şahsyýetler bu bäsleşige gatnaşyp bilmezler.

Resminamalary tabşyrmak

Soňky möhlet: 2021-nji ýylyň 5-nji noýabry, sagat 23:59 (GMT + 6).

Dalaşgärler hasaba alyş formasyny doldurmaly we ony Microsoft Word formatda ýazan işi (düzme ýa-da ylmy iş) bilen bilelikde: kazalres@unhcr.org elektron poçtasyna “2021-nji ýylda raýatsyzlyk boýunça işleriň sebitleýin bäsleşigi” mowzugy bilen ibermeli. Soraglar hem şol bir salga gönükdirilmelidir.

Baýraklar

Düzme kategoriýasy

1-nji ýer - noutbuk;

2-nji ýer - planşet;

3-nji ýer – smartfon

Ylmy iş kategoriýasy

1-nji ýer - raýatsyzlyk boýunça halkara kursy we noutbuk;

2-nji ýer - planşet;

3-nji ýer – smartfon

Ýeňijileriň ady BMG-niň Bosgunlaryň meseleleri boýunça guramasynyň Merkezi Aziýaboýunça sebitleýin bölüminiň we onuň hyzmatdaşlarynyň web sahypalarynda we sosial aragatnaşyk torlarynda mälim ediler. Şeýle hem, gatnaşyjylaryň elektron poçtasyna bäsleşligiň soňky netijesini yglan edýän hat iberiler.

Bäsleşik, onuň talaplary we işlere baha bermek barada has giňişleýin öwreniň.

Mekdep okuwçylary we talyplar üçin raýatsyzlyk mowzugy boýunça bäsleşlik

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz