ÝUNESKO Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygynyň dabarasyna gatnaşdy
13 mart 2022
- 2022-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň hökümeti Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat gurady.
“Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine gepleşikler” atly ýokary derejeli çärä Onuň alyhezreti Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Türkmenistanyň Daşary işler ministri jenap Reşid Meredow, Türkmenistanyň ýokary derejeli işgärleri, Türkmenistanda BMG-niň sebitleýin we milli wekilhanalary, şeýle hem diplomatik toparar gatnaşdy.
ÝUNESKO-niň Tähranda ýerleşýän klaster edarasynyň müdiri, şeýle hem Eýranda we Türkmenistanda wekilçilik edýän ÝUNESKO-niň müdiri Golda El-Huri, 1993-nji ýylda Türkmenistanyň ÝUNESKO-niň agzalygyna goşulany bäri, ÝUNESKO-niň Düzgünnamasyna laýyk gelýän hemişelik bitaraplygyny yglan etmek bilen halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek ugrunda goşan goşandy barada belläp geçdi:
"Uruşlar erkekleriň we aýallaryň aňynda başlaýandygy sebäpli, parahatçylygy goramak erkekleriň we aýallaryň aňynda bolmalydyr".
Mundan başga-da, ol ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri we onuň ÝUNESKO-niň dürli maksatnamalaryna we hökümetara mehanizmlerine işjeň gatnaşandygy barada aýdyp geçdi.
Şeýle hem, hanym El-Hury ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasynda 2015-nji ýylda gol çekilen, parahatçylyk, medeniýetler arasynda gepleşikler, bilim, medeni miras we medeniýetleriň ýakynlaşmagy ýaly ugurlary öz içine alýan Çarçuwaly şertnamanyň, şeýle hem 2021-2023 ýyllar üçin esasy başlangyçlary kesgitlemek we maliýeleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk boýunça Memorandumyň gol çekilmegini agzap geçdi.
Çäräniň ahyrynda ÝUNESKO-niň bellenen direktory, ÝUNESKO-niň Türkmenistana milli ileri tutulýan ugurlarynda berýän goldawyna ygrarlylygyny belläp geçdi.
Maslahatyň ýapylyş dabarasyndan ozal Onuň alyhezreti Jenap Meredow, Hanym El-Huriniň bu wezipä bellenmegi bilen gutlady we ÝUNESKO-niň Tähranda ýerleşýän klaster edarasynyň dürli halkara forumlarda Türkmenistanyň başlangyçlaryny, esasanam parahatçylyk medeniýeti ugrunda alyp barýan işlerini öňe sürendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol şeýle diýdi:
"Geçen ýylyň dekabrynda Parahatçylyk we ynanyşmak forumynda öňe sürlen Türkmenistanyň Prezidentiniň “Parahatçylygyň bähbidine gepleşik” atly başlangyjyny durmuşa geçirmek üçin biziň bilelikde amala aşyrmaly işimiz köp."
Maslahatyň öňsyrasynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2052-nji ýyla çenli Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça Milli maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk barada Ähtanama we 2022-nji ýylda betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we çäreleri görmek boýunça hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmeklik hakyndaky Ähtnäma gol çekildi.