Press reliz

Migrasiýa boýunça Halkara Guramasy, Ýewraziýa Gaznasy we ABŞ-nyň Halkara Ösüş Guramasy ýaş liderler üçin nobatdaky onlaýn seminar geçirýärler

07 April 2022

  • Migrasiýa boýunça Halkara Guramasynyň / BMG-niň Migrasiýa boýunça Agentliginiň Türkmenistandaky wekilhanasy (MHG) Ýewraziýa Gaznasy (EF) bilen hyzmatdaşlykda, Merkezi Aziýada Durmuş Innowasiýalar (SICA) maksatnamasynyň çäginde we ABŞ-nyň Halkara Ösüş üçin Guramasy (USAID) bilen Türkmenistanyň dürli sebitlerinden ýaş liderler üçin "Jemgyýetçilik taslamalary maglumat bilen üpjün etmek" atly bir günlük onlaýn seminar geçirdiler.

Jemgyýetçilik taslamalary maglumat bilen üpjün etmek boýunça onlaýn seminara kyrkdan gowrak: ýaş liderler, ýaşlar maksatnamalaryna gatnaşyjylar, meýletinçiler, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Bu seminaryň esasy maksady gatnaşyjylara jemgyýetçilik taslamalaryny dürli tapgyrlarda amala aşyrylyşyny açyp görkezmekde täze media gurallaryny ulanmak boýunça amaly bilim bermek we öwretmek bolup durýar. Seminaryň esasy temalary: jemgyýetçilik taslamalary barada maglumat bermek maksady, daşarky aragatnaşyklaryň dürli ölçegdäki görnüşleri we hyzmatlary, tekstlary ýazmak, şeýle-de jemgyýetçilik taslamalaryny amala aşyrmak çäginde foto suratlary almak.

Seminar MHG-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Azat Atajanow tarapyndan açyldy. Ol ýaş liderlerde ýakyn wagtda taslamanyň maksatlaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilikleriniň boljakdygyny we “bu seminarda gazanylan başarnyklaryň, öz taslamalary we gazananlary barada metbugatda beýan etmek üçin peýdaly boljakdygyny” aýtdy.

Onlaýn seminar, MHG we EF tarapyndan ortaça we tehniki goldaw bilen wideokonferensiýa görnüşinde gurnaldy, oňa Google Meet-de interaktiw formatda hünärmen tälimçiler we ýaş suratçy gatnaşdy.

“InAşgabat maglumat web sahypasynyň redaktory bolup, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde jemgyýetçilik taslamalaryny beýan etmek boýunça hünärmenleriň maslahatlaryny diňlemek maňa peýdaly boldy. Mende UNESCO-nyň taslamasyny alyp barmak boýunça tejribäm bardy, ýöne guramaçylaryň paýlaşan usullary we maslahatlary meniň üçin täze maglumat boldy. Media giňişliginiň örän çalt üýtgeýänligi sebäpli, döwri yzarlamagy yzygiderli öwrenmeli. Aýratyn-da, jemgyýetçilik taslamalar ýaly innowasiýa segmenti barada aýdylanda. Şonuň üçin şular ýaly seminarlaryň wajypdygyny we zerurdygyny belläsim gelýär hem-de meniň ýaly ýaş redaktorlar bilen gymmatly maglumatlary paýlaşandyklary üçin guramaçylara sag bolsun aýdýaryn!" –diýip, Menli Ataýewa seminar barada aýtdy.

“Seminar gyzykly, ara alyp maslahatlaşmalar çekişikli boldy! Türgenleşdirijiler möhüm maglumatlary ýönekeý we düşnükli dilde ýetirip bildiler we seminara gatnaşyjylar amaly ýumuş ýerine ýetirilende döredijilik görkezdiler. Munuň ýaly ýygnaklaryň we seminarlaryň has köp boljakdygyna umyt edýäris"- seminardan soň Körler we kerler jemgyýetinden Arslan we Leýla Ataýewler aýtdylar.

Migrasiýa boýunça Halkara Guramasy, Ýewraziýa Gaznasy we ABŞ-nyň Halkara Ösüş Guramasy ýaş liderler üçin nobatdaky onlaýn seminar geçirýärler

Diana Çaryýewa

Diana Çaryýewa

IOM
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

USAID
United States Agency for International Development

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz