HMG milli gyzyklanýan taraplar üçin migrasiýany dolandyrmagyň görkezijileri we migrasiýa barada maglumatlary ýygnamagyň we derňemegiň usulyýeti boýunça iki günlük okuw maslahatyny gecirdi
12 aprel 2022
- Halkara Migrasiýa Guramasy – Türkmenistanda BMG-niň Migrasiýa Guramasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy bilen bilelikde migrasiýany dolandyrmagyň görkezijileri we migrasiýa barada maglumatlary ýygnamagyň we derňemegiň usulyýeti boýunça iki günlük okuw maslahatyny gecirdi.
Bu okuw maslahaty, HMG-niň Ösüş Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän "Türkmenistanda ösüş babatynda milli meýilnamalar üçin migrasiýa barada statistikany ýygnamak, derňemek we ulanmak üçin milli mümkinçilikleri artdyrmak" atly taslamanyň çäginde geçirildi.
Bu çärede migrasiýa baradaky maglumatlary ýygnamak bilen meşgullanýan Türkmenistanyň hökümetiniň ministrlikleriniň we pudaklarynyň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň,Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa institutynyň we Mejlisiň wekilleri gatnaşdy. Okuw maslahatynda Aşgabatda HMG-niň ýolbaşçysy, migrasiýa usulyýeti we gözleg işleriniň derňewi boýunça HMG-niň geňeşçileri, HMG-niň Wenadaky sebitleýin edarasyna, HMG-niň Ženewadaky Baş edarasyna, Berlinda we Moskwada HMG-na wekilçilik edýän 20-den gowrak myhmanlary, şeýle hem Täjigistan Respublikasynyň Zähmet, migrasiýa we iş üpjünçiligi ministrliginiň milli hyzmatdaşlary, Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň we Özbegistanyň Iş üpjünçiligi we zähmet gatnaşyklary ministrliginiň wekilleri çykyş etdi.
Duşuşyk Türkmenistanda HMG-niň ýolbaşçysy jenap Azat Atajanowyň çykyş etmegi bilen başlandy:
«Migrasiýany dolandurmagyň görkezijileri (MGI) Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň 10.7.2 meselesini ýa-da “gowy dolandyrylýan migrasiýa syýasatyny” netijeli ölçemek üçin 2015-nji ýylda işlenip düzüldi. MGI milli syýasata baha bermek, boşluklary ýüze çykarmak, hem-de migrasiýanyň howpsuzlygyny we tertipliligini üpjün etmek baradaky milli we halkara borçnamalaryň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek üçin esas döretmäge ýardam eder diýlip garaşylýar. 2016-njy ýyldan bäri MGI işine 83 ýurt gatnaşdy»- diýip, jenap Atajanow öz çykyşynda belläp geçdi.
Mundan soň, HMG-niň Wenadaky sebitleýin edarasynyň aragatnaşyk we syýasat işleri boýunça hünärmeni jenap Amr Taha, MGI-niň maksatlaryny we meselelerini hödürledi:
“Ýurtlara giňişleýin migrasiýa syýasatyny işläp düzmäge goldaw bermek maksady bilen HMG, hökümetlere durmuşa geçirýän başlangyçlaryna göz aýlamak, hem-de oňat tejribeleri we ösüşiň mümkin boljak ugurlaryny kesgitlemek üçin migrasiýany dolandyrmagyň görkezijilerini işläp düzdi.”
"94 standart görkezijilerini ulanyp, migrasiýa dolandyryşyna hemmetaraplaýyn baha bermek arkaly MGI milli we ýerli derejede ýurduň migrasiýa dolandyryşy barada has giňişleýin maglumat hödürleýär" – diýip, HMG-niň migrasiýa boýunça maglumatlaryň global derňew merkeziniň maglumatlar dolandyryjysy Andrea Milan MGI-niň ähmiýetini nygtady.
Soňra, Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň wekili jenap Otabek Botirjonow Özbegistanyň MGI boýunça amaly we iň oňat tejribelerini görkezmek, şeýle hem migrasiýa syýasatynda boşluklary ýüze çykarmak üçin görkezijileri ulanmagyň usullary bilen paýlaşdy.
Täjigistan Respublikasynyň Zähmet, migrasiýa we iş üpjünçiligi ministrliginiň Migrasiýa bölüminiň başlygy jenap Bahrom Samadow 2020-nji ýylda Täjigistanda MGI baha bermek üçin geçirilen barlag işleriniň netijeleri bilen paýlaşdy we geljekde milli migrasiýa strategiýasyny işläp düzmek üçin göz öňünde tutuljak ugurlary kesgitledi.
Gatnaşyjylar durnukly ösüş maksatlarynyň çäginde migrasiýa dolandyryşy, migrasiýa strategiýalaryny we migrasiýa syýasatyny dolandyrmak üçin meýilnamalary işläp düzmek we durmuşa geçirmek, Merkezi Aziýada migrasiýanyň dolandyryş ulgamy üçin ýüze çykyp biljek täze migrasiýa tendensiýalary we kynçylyklary ýaly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.
"Migrasiýanyň peýdaly taraplaryny köpeltmek, şol bir wagtyň özünde meseleleriň çözgüdini tapmak - berk syýasaty we institusional esaslary, anyk maksatlary we uzak möhletleýin mümkinçilikleri talap edýär" - diýip, Moskwada HMG-niň taslamalarynyň uly kömekçisi Ýuliana Pawlowskaýa nygtady.
Milli hyzmatdaşlar migrasiýa boýunça Gün tertibiniň we HMG bilen Türkmenistan hökümetiniň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. Maslahatyň gatnaşyjylary, öwrenen bilimlerini we tejribelerini milli ileri tutulýan ugurlarda we halkara borçnamalary ýerine ýetirmek ugrunda, şol sanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmek we GDM boýunça hasabat bermek ýaly migrasiýa syýasatlarynda ulanyljakdygyny aýtdylar.
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Demografiki gözleg institutynyň müdiri, HMG-niň geňeşçisi Sergeý Rýazantsew şeýle netijä geldi:
"Migrasiýa meselesiniň ýerli, milli we global syýasy meýilnamalarda ileri tutulmagy - bütin dünýäde ähli hökümetleriň adam ösüşine goşant goşmak ugrunda serişdesi bolup hyzmat edýär".