Türkmenistanyň hökümetiniň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagyna taýýarlyk görmek üçin tälim başlanýar
24 maý 2022
- Halkara söwda merkezi tarapyndan geçirilen bu çäre Bütindünýä Söwda Guramasynyň hukuk binýadyna we bu gurama goşulmak üçin gepleşiklere ünsi jemleýär we ol 2022-nji ýylda Türkmenistanyň BSG-na goşulmagyny ýeňilleşdirmek üçin işläp düzülen çäreleriň ilkinjisidir.
Aprel aýynda Halkara Söwda Merkezi Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmaga taýýarlyk görmek üçin Türkmenistanyň hökümetiniň komissiýasynyň we jemgyýetçilik pudagynyň 20-ä golaý wekilleri üçin Bütindünýä Söwda Guramasynyň hukuk binýady we bu gurama goşulmak üçin gepleşikler babatynda onlaýn çäre geçirdi.
Bu çäre 2022-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň BSG-na goşulmagy üçin Iş toparynyň döredilmegini göz öňünde tutmak bilen möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu tälim Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Halkara Söwda Merkeziniň Merkezi Aziýa üçin Ready4Trade taslamasynyň çäginde geçirildi.
Gatnaşyjylar BSG-niň halklaryň arasynda halkara söwda düzgünlerini kesgitlemek ugrunda tutýan orny we Türkmenistanyň bu gurama goşulmagy üçin ýola goýlan gepleşikleri alyp barar ýaly zerur bolan mümkinçilikleri artdyrmagyň usullary barada öwrendiler.
Degişli resminamalary taýýarlamakdan başga-da, gatnaşyjylar BSG-niň şertnamalary, şol sanda diskriminasiýa garşy kadalary, hyzmatlar, oba hojalygy we söwdany ýeňilleşdirmek, antidemping, söwda bilen baglanyşykly maýa goýum çäreleri, söwdada tehniki päsgelçilikler, arassaçylyk we fitosanitar çäreleri geçirmek, intellektual eýeçilik hukuklarynyň söwda bilen baglanyşykly taraplary ýaly ugurlarda umumy şertnama barada öwrendiler.
"Türkmenistan BSG-na goşulmak üçin alyp barýan işini dowam etdirer ýaly BSG bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly üns berýär. BSG-na goşulmak prosesi söwda syýasatynda we beýleki ugurlarda özgertmeleri amala aşyrmak üçin, şeýle hem daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilik döreder. Mundan başga-da, BSG-na goşulmak prosesi 2021-2030-njy ýyllar üçin Milli Daşary Söwda Strategiýasyna we 2022-2052-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň durmuş ykdysady ösüş boýunça Milli maksatnamasyna laýyk gelýär."- diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili Maksat Çaryýew aýtdy.
Bu giriş tälimi, 2022-nji ýylda meýilleşdirilýän Türkmenistanyň hökümetiniň BSG-na goşulmak prosesi boýunça okuwlaryň ilkinjisi boldy.