Press reliz

Migrasiýa boýunça Halkara Guramasy, Ýewraziýa Gaznasy we ABŞ-nyň Halkara Ösüş Guramasy ýaşlaryň potensialyly güýçlendirmek seminaryny geçirdi

03 iýun 2022

  • Migrasiýa boýunça Halkara Guramasynyň/BMG-niň Migrasiýa boýunça Agentliginiň Türkmenistandaky wekilhanasy (MHG) Ýewraziýa Gaznasy (EF) bilen hyzmatdaşlykda, Merkezi Aziýada Durmuş Innowasiýalar (SICA) maksatnamasynyň çäginde we ABŞ-nyň Halkara Ösüş üçin Guramasy (USAID) bilen "Taslamany taýýarlamak we dolandyrmak" atly bir günlük onlaýn seminar geçirdiler.

Bu seminar şu ýylyň aprel aýynda ýaşlaryň taslama ideýalarynyň bäsleşiginde üstünlikli gatnaşan işjeň ýaşlar üçin gurnaldy. Mundan başga-da, seminara Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň tejribeli işgärleriniň halypalar gatnaşdylar.

Çäräniň esasy maksady, ýerli jemgyýetleriň abadançylygyny ösdürmäge we ýokarlandyrmaga gönükdirilen sosial ugurly taslamalary taýýarlamak we wagyz etmek üçin ýaşlaryň arasynda başarnyklaryny we bilimlerini kämilleşdirmäge kömek etmek. Ýagny, işleri dolandyrmak we gözegçilik etmek ýaly taslamanynyň esasy aspektlary garaldy. Şol bir wagtyň özünde, seminaryň maksady liderstwanyň we meýletin häsiýetleriň ösmegine itergi bermek boldy.

“Seminarda taslamany durmuşa geçirmegiň tapgyrlary barada maglumat bermäge synanyşdyk. Gatnaşyjylaryň gyzyklanmasyny, söhbetdeşli we üstünlikli tejribeden öwrenmek islegini haladym. Esasanam ýaşlar daşky gurşawy goramak, ekologiýa, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesi, IT çözgütleri bilen gyzyklandy. Umuman alanyňda, maksadymyz sagdyn durmuş ýörelgesine goşant goşmak üçin pikirlerini ösdürmek üçin bilim bermek bolup durdy" - Maýa Meretgulyýewa, tälimçi aýtdy.

“Bir günüň dowamynda seminaryň mazmunynyň ýiti bolandygyny belläsim gelýär. Göz öňünde tutulan maksada ýetmek üçin işleriniň ähli zynjyryny görmek biziň üçin gaty möhümdir. Bu gün men Ýol kartasy, taslamany dolandyrmak gurallary, býudjet düzmek barada öwrendim "- seminara gatnaşan Maral Jumadurdyýewa belledi.

“Bu diýseň çekeleşikli seminar boldy. Tejribesini höwes bilen paýlaşýan tejribeli tälimçilerden köp zat öwrendim. Çäreleri meýilleşdirmek bilen baglanyşykly gözýetimimi giňeltdim. Mümkin bolsa, şular ýaly seminarlary yzygiderli geçirmegi maslahat berýärin. Indi Ýaşlaryň liderligine goldaw berýän grant bäsleşigine gatnaşmak üçin taslama taýýarlamak maňa has aňsat bolar” – diýip Şabibi Osmanowa ýaş gatnaşyjy diýdi.

Goşmaça, "Ýaşlaryň liderligine goldaw berýän grant" barada maglumat tapyp bilersiňiz: https://turkmenistan.un.org/ru/183623-priem-zayavok-na-granty-po-podderzhke-molodezhnogo-liderstva

 

Döwletgeldi Çaryýew

Döwletgeldi Çaryýew

IOM
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

USAID
United States Agency for International Development

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz