Press reliz

Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak babatynda hereketleri amala aşyrmaga çagyryş

21 iýul 2022

  • Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy BMG-niň Adam Hukuklary babatyndaky edarasynyň tehniki goldawy bilen milli gyzyklanýan taraplar üçin BMG-niň binasynda BMG-niň Baş sekretarynyň adam hukuklaryny goramak babatynda hereketleri amala aşyrmaga eden çagyryşyna bagyşlanan tegelek stol geçirdi.

Dürli pudaklardan gelen gatnaşyjylar, şol sanda adam hukuklary babatyndaky Milli edaralaryň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri, aklawçylar, ylmy pudagyň wekilleri we raýat jemgyýeti adam hukuklary babatynda ýedi esasy ugurlar bilen tanyşdylar: durnukly ösüş, çökgünlik döwürleri, gender deňligi, raýat giňişligi, geljekki nesiller, bilelikdäki hereket we täze sepgitler.

“Ösüş ugrunda adam hukuklaryna esaslanýan çemeleşmeleri ulananymyzda, netijeler has durnukly, güýçli we täsirli bolýar. Şol sebäpli, adam hukuklary Durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde hem öz beýanyny tapýar" - diýip, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Rişard Komenda nygtady.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň halkara hünärmenleri ýedi ugurda amala aşyrylmaly hereketler boýunça strategiki çäreleri hödürlediler. Hereketleri amala aşyrmaga bolan çagyryş hökümetlere we raýat jemgyýetine raýat giňişligini giňeltmekde we goramakda, jemgyýetiň azatlygyny goramakda we raýat jemgyýetiniň milli we BMG-niň işlerine gatnaşmagyny üpjün etmekde goldaw berýär.

Duşuşyk Hökümet bilen raýat jemgyýeti guramasynyň arasynda konstruktiw gepleşikler üçin oňat platforma bolup hyzmat etdi. Gatnaşyjylar ýurduň durmuş taýdan ösüşi ugrunda döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada pikir alyşdylar.

***************

2020-nji ýylda BMG-niň Baş sekretary Antóniu Guterriş adam hukuklary babatynda häzirki zaman kynçylyklaryna jogap hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygynyň öňsyrasynda adam hukuklaryny goramak babatynda hereketleri amala aşyrmaga çagyryş etdi.

Ýelena Butova

OHCHR
Maksatnama boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz