Press reliz

BMG-niň Adam hukuklary baradaky Merkezi Aziýa üçin sebitleýin bölümi BMGÖM bilen bilelikde Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek ugrunda goldaw berýärler

26 July 2022

  • Bäş tapgyrdan ybarat bolan, Türkmenistanda Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek prosesiniň deslapky wirtual ýygnagy Aşgabat şäherinde gibrid görnüşinde geçirildi. Türkmenistanda Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermegiň netijeleri, Adalatçynyň diwanynyň Strategiki meýilnamasyny düzmek üçin esas bolup hyzmat eder.

Mümkinçiliklere baha bermek prosesi üç taraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde, BMGÖM-niň sebitleýin edarasynyň, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Merkezi Aziýa üçin sebitleýin bölüminiň, Mongoliýanyň adam hukuklary boýunça milli komissiýanyň we Milli hukuk goraýjy edaralaryň Aziýa-Ýuwaş umman forumynyň hünärmenlerinden ybarat bolan ýörite topar tarapyndan amala aşyrylýar.

Deslapky wirtual ýygnagyň dowamynda ýörite topar Türkmenistanyň Mejlisiniň Milli Geňeşiniň deputatlary, Türkmenistanyň Ýokary Kazyýetiniň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa Institutynyň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň aklawçylar kollegiýasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň raýat jemgyýeti guramalarynyň wekilleri üçin mümkinçiliklere baha bermek prosesiniň usulyýeti, konsepsiýasy we garaşylýan netijeleri barada brifing geçirdiler.

Türkmenistanda Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek üçin ýörite toparyň 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda ýurda gelip, Aşgabat şäherinde we Türkmenistanyň welaýatlarynda ministrlikleriň, döwlet edaralaryň we raýat jemgyýeti guramalaryň wekilleri bilen duşuşyk geçirmegi meýilleşdirilýär.

Mümkinçiliklere baha bermek Adalatçynyň diwanyna Pariž ýörelgelerine laýyklykda Türkmenistanda adam hukuklaryny öňe sürmek we goramak ukybyny güýçlendirmek boýunça mümkinçilikleri artdyrmak maksady bilen strategiýalary we hereketleri işläp düzmäge we durmuşa geçirmäge mümkinçilik bermek üçin döredildi. Mundan başga-da, Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek we bu prosesiň netijelerine esaslanýan Strategiki meýilnamany işläp düzmek, 2023-nji ýylda Milli hukuk goraýjy edaralaryň global bileleşigine akkreditasiýa bolmak üçin Adalatçynyň diwanynyň resminamalaryny gözden geçirmek prosesine oňyn täsir eder.

Üç taraplaýyn hyzmatdaşlyk, 2011-nji ýylda, Milli hukuk goraýjy edaralaryň global bileleşiginiň, BMGÖM-niň we Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarlygynyň müdirliginiň arasynda milli hukuk goraýjy edaralaryň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin gol çekildi.

Jahan Saparmamedowa

Jahan Saparmamedowa

UNDP
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

Ýelena Butova

OHCHR
Maksatnama boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz