Press reliz

Türkmenistan ikinji Meýletin Milli syny bermek üçin taýýarlyk görýär

24 awgust 2022

  • BMG we Türkmenistanyň DÖM boýunça iş toparynyň milli bilermenleri 2023-nji ýylyň iýun aýynda geçiriljek Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forumda hödürlenjek, Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmegiň gidişi barada ikinji Meýletin Milli syny (MMS) işläp düzmek üçin amala aşyrmaly işleri ara alyp maslahatlaşmak üçin onlaýn ýygnak geçirdiler.

Ministrliklere wekilçilik edýän, bilermen derejesi bolan gatnaşyjylar MMS-y alyp barmak we MMS-yň Milli hasabatyny işläp düzmek üçin bilelikde geçirmeli çäreleri, şol sanda Bilelikdäki pudagara iş toparyny döretmek, MMS-da öz beýanyny tapjak, şeýle-de indiki ýokary derejeli syýasy forumyň üns merkezinde boljak DÖM 6, 7, 9, 11 we 13-den başga-da, 1, 2, 3, 4 we 13 DÖM-ny saýlamak we MMS-yň statistiki goşundysyny taýýarlamak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

“Biz DÖM-niň durmuşa geçirilişi barada orta möhletleýin synyň netijeleri bilen tanyşdyk we Türkmenistanyň statistika ulgamy Hökümediň maksatlary üçin statistika ýygnaýandygyny bellemek bolar. Ikinji MMS-da öz beýanyny tapan, DÖM-lar babatynda ministrlikler bilen şu günki geçirilen işjeň maslahat we ylalaşyk umytlandyrýar we BMG ulgamy hiç kiminiň ünsden düşmezligini üpjün edýän, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmek ugrunda ýurda mundan beýläk-de goldaw berer,"- diýip, BMG-niň Hemişelik utgaşyryjysynyň wekilhanasynyň ykdysatçysy jenap Wladimir Waletka aýtdy.

Mundan başga-da, DÖM boýunça iş toparynyň agzalary Türkmenistanyň global maglumat binýadyna hasabat bermeýän, millileşdirilen DÖM-niň görkezijilerini döretmek boýunça Milli Hereketler meýilnamasyny işläp düzmek üçin geçirmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu meýilnama her milli görkeziji üçin aýratyn çäreleri, şeýle hem jogapkär bolan milli edaralary we BMG-niň düzümleýin edaralaryny, möhletleri we her görkeziji üçin zerur bolan býudjeti görkezmelidir. Ol görkezijiniň usulyýetiniň çylşyrymlylygyna baglylykda 1-3 ýylyň içinde durmuşa geçirilip bilner.

****

Türkmenistanyň Hökümeti 2019-njy ýylda ilkinji MMS-ny hödürledi, has giňişleýin maglumaty şu ýerden tapyp bilersiňiz.

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
UNOPS
BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz