Press reliz

2022-nji ýylda geçiriljek Bilimi özgertmek baradaky Sammitinden öň Milli geňeşmeleriň netijeleri bilen tanyşlyk

24 awgust 2022

  • Türkmenistanyň Hökümeti Bilimi özgertmek baradaky Sammitine taýýarlyk görmek üçin başlanan Milli geňeşmeleri tamamlady we ösüş boýunça hyzmatdaşlary netijeler bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy, şol sanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, ÝUNISEF-iň ýurt boýunça wekilhanasy, ÝUNESKO-niň Tähranda ýerleşýän bölümi we ÝUNESKO-niň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary, bu prosesde milli geňeşmeleriň milli utgaşdyryjysy bolup hyzmat edýän Türkmenistanyň Bilim ministrligine goldaw berdiler.

Bilimi özgertmek baradaky inklýuziw geňeşmelere 2022-nji ýylyň 21-nji iýunyndan başlap, 8-nji awgusta çenli milli ministrlikler, talyplar we ýaşlar guramalary, raýat jemgyýeti guramalar, mugallymlar birleşikleri, hususy kärhanalar, ylmy toparlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şeýle hem bilim ulgamynyň beýleki wekilleri gatnaşdy.

Milli geňeşmeler üç mowzugyň çäklerinde geçirildi: COVID-19 pandemiýasyndan soň dikelmek; 21-nji asyrda bilim ulgamyny täzeden gözden geçirmek üçin esasy strategiki özgerişleri we hereketleri kesgitlemek, şeýle hem bilim ulgamyny özgertmek ugrunda umumy maksatlara ýetmek üçin alnyp barylýan işleri tizleşdirmek; bilim ulgamynda milli maksatlara bolan ymtylyşy ýokarlandyrmak.

Milli geňeşleriň netijesinde Türkmenistanyň Hökümeti Sammitiň sekretariatyna hödürlemek üçin bar bolan meýilnamalar, maksatnamalar we başlangyçlar esasynda, milli borçnamalary we ileri tutulýan hereketler barada ylalaşygy görkezýän, Bilimi özgertmek boýunça Türkmenistanyň ygrarlylygy barada Milli beýannama bilen birlikde Milli gysgaça hasabaty taýýarlady.

“Halkara jemgyýetçiliginiň işjeň agzasy hökmünde Türkmenistanyň Bilimi özgertmek baradaky sammitine gatnaşmagy, DÖM 4-i gazanmak üçin iş tejribesi bilen paýlaşmagy we beýleki ýurtlaryň tejribesini öwrenmegi möhümdir. Bilimi özgertmek üçin DÖM 4-i gazanmaga goşant goşýan ähli Hökümet we hökümete dahylsyz guramalaryň işjeň gatnaşmagyny we DÖM 4 meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmek üçin olaryň işiniň Hökümet tarapyndan utgaşdyrylmagyny talap edýär" - diýip, Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy aýtdy.

Sammit bilim ulgamynda täzelenen Global Hyzmatdaşlygyň Mehanizminiň (GHM) ýol kartasynda aýrylmaz bir waka we möhüm tapgyr bolar. Netijeler, şeýle hem Baş Assambleýanyň çäginde 2023-nji ýylda geçiriljek Durnukly ösüş üçin ýokary derejeli syýasy forumda we 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi teklip edilen, Gelejegiň sammitine taýýarlyk işlerinde, esasanam bilim ulgamyny gelejege taýýarlamak üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ulanylar.

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz