Press reliz

BMG-niň Ösüşi utgaşdyryş edarasynyň sebitleýin müdiri Türkmenistana iş sapary bilen geldi

16 sentýabr 2022

  • Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşi utgaşdyryş edarasynyň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin müdiri hanym Gwi-Ýeop Son Türkmenistana eden ilkinji saparyny tamamlady.

UNDCO-niň sebitleýin müdiri Aşgabatda Onuň Alyhezreti jenap Raşid Meredow, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan garşy alyndy. UNDCO-niň sebitleýin müdiri Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak ugrunda berýän goldawy üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlygyny bildirdi. Hanym Son, Türkmenistany ýetip gelýän Garaşsyzlyk baýramy we ýurduň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Hökümet tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýän 2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda gazanylan öňegidişlikler barada pikir alyşdylar. Ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklaryň biri Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Bilimi özgertmek sammiti we ÝUNISEF, hem-de ÝUNESKO-niň ýolbaşçylygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Hökümete maksatlaryna ýetmegine goldaw bermegi boldy. Şeýle-de, taraplar saglygy goraýyş, daşky gurşaw we adam hukuklaryny öňe sürmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hanym Son, Hökümetiň Merkezi Aziýa döwletlerine ýardam etmegi maksat edinýän, Howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak boýunça sebitleýin tehnologiýalar merkezini döretmek ugrunda edýän tagallalaryna ýokary baha berdi.

UNDCO-niň sebitleýin müdiri, Maşgalada aýallaryň saglygy we ýagdaýy baradaky ylmy-barlag işiniň netijeleriniň çap edilmegine ýokary baha berdi we adam hukuklary baradaky beýleki mehanizmler bilen işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Hanym Son, Ministrler Kabinetiniň başlyklarynyň orunbasarlary bilen saglygy goraýyş, bilim we sport, oba hojalygy we daşky gurşaw meseleleri boýunça, hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda Covid-19-dan soňky dikeldiş boýunça hyzmatdaşlyk, şeýle hem döwlet maliýe dolandyryşyny güýçlendirmek, adam kapitalyna we daşky gurşawa maýa goýumlaryny goýmak ýaly çäreler barada bellenilip geçildi. 

Şeýle hem ol Ýeňme, Keýik Okara, Maýyplygy bolan adamlara goldaw bermek merkezi, Maýyplygy bolan adamlaryň bedenterbiýe sport kluby, Beýik Ynam, Agama, Ýaşyl Şöhle, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak jemgyýeti, Eko Durmuş, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we buhgalterler jemgyýeti ýaly raýat jemgyýeti guramalary bilen duşuşyklar geçirdi we BMG-niň Ýurt boýunça topary bilen hyzmatdaşlygy ösdürilmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

UNDCO-niň sebitleýin müdiri 100-den gowrak talyp we DÖM-niň ýaş ilçileri bilen hem duşuşdy we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde ýaşlaryň tutýan orny barada gürrüň berdi we türkmen ýaşlaryny bu möhüm işi amala aşyrmak üçin edilýän tagallalara gatnaşmaga çagyrdy.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz