Bu okuw gatnaşyjylara BMG-niň gurluşy, şeýle hem BMG-niň dürli meselelerde, ýagny, ilkinji nobatda gepleşikleri geçirmekde we araçy bolmakda, seljeriş işlerini geçirmekde, adam hukuklary we ösüş ýaly ugurlarda, jemgyýetçilik işlerinde we BMG-niň resminamalaryny taýýarlamakda ulnaýan usullary bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi.
Gatnaşyjylar halkara derejesinde öňüni alyş diplomatiýasy, konfliktleri dolandyrmak we parahatçylygy gurmak barada esasy düşünjeler bilen, şeýle-de, seljeriş işlerini geçirmek we konflikte baha bermek, BMG kontekstinde köptaraplaýyn gepleşikler, araçylyk, diplomatik düzgünleri, teswirnamalary taýýarlamak we başga mowzuklar bilen tanyşdylar. Durnukly ösüş maksatlary, Ykdysady seljerişiň esaslary: DÖM-niň arasynda sinergiýa we ylalaşyklar, jemgyýetçilik gatnaşyklary, adam hukuklary we beýleki meseleler barada gepleşikler Türkmenistanda BMG-niň düzümleýin edaralary tarapyndan geçirildi.
Bu okuw, dürli ministrliklerden we döwlet edaralaryndan gelen gatnaşyjylara sorag bermäge, okuw şertlerinde özara täsirleşmäge, şol bir wagtyň özünde BMG ulgamynyň iş alyp barşyna, şeýle hem esasy konsepsiýalarynyň we iş usullarynyň esasyna has gowy düşünmäge şert döretdi.
"Bu başlangyç, milli we sebitleýin derejede parahatçylygy gurmak we howpsuzlygy saklamak proseslerine saldamly goşant goşmak üçin ýaşlaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga bolan zerurlyga gönüden-göni jogap berýär, çünki ýaş diplomatlaryň möhüm bir orna eýe boljakdyklaryna garaşylýar." – diýip, Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko aýtdy.