Press reliz

Türkmenistanyň iki welaýatynda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça çäreler geçirildi

05 dekabr 2022

  • Daşoguz we Türkmenabat şäherlerinde, şeýle hem Görogly we Çärjew etraplarynda 10-18-nji noýabr aralygynda ýaşlar, raýat jemgyýeti we döwlet düzümleriniň wekilleri üçin adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça okuw we “Öwren. Hereket et. Paýlaş” ady bilen maglumat kampaniýasy geçirildi.

Çäreler Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň bilelikde durmuşa geçirýän “Global pandemiýa bilen bagly dürli töwekgelçilikleri we howplary gowşatmak üçin habardarlygy ýokarlandyrmak we ýaşlary çekmek boýunça maksatnamanyň” çäklerinde Migrasiýa boýunça halkara guramasy tarapyndan guraldy we adamyň howpsyzlygy boýunça maksat gaznasy tarapyndan maliýelişdirdi.

Düzgünleşdirilmeýän migrasiýanyň we adam söwdasyna garşy hereket etmegiň meseleleri häzirkizaman dünýäsiniň derwaýys meseleleriniň biri bolup durýar. Bilelikdäki maksatnama – adam söwdasyna garşy hereket etmegiň, şeýle hem ilatyň habardarlygyny ýokarlandyrmagyň wezipelerini ýerine ýetirmekdäki döwlet edaralarynyň, raýat jemgyýetiniň we halkara guramalarynyň bilelikdäki işjeň hereketiniň mysalydyr adamyň howpsyzlygy meseleleriboýunça.

Çäreleriň hemme gatnaşyjylary adam söwdasyna garşy hereket etmek çygryndaky meseleleri öňe sürmek boýunça kommunikasiýanyň içerki we daşarky gurallary hakynda bilimleri aldylar hem-de maglumat kampaniýalarynyň geçirilmeginiň wajyplygyny belläp geçdiler.

Geçirilen “Öwren. Hereket et. Paýlaş” kampaniýasy durmuş, hukuk we psihologik meseleler boýunça maslahat kömegini almak hakyndaky maglumaty ýaýratmagyň usuly bolup hyzmat etdi.

Jumaniýazowa Göwher, çäräniň gatnaşyjysy şeýle diýip belledi:

“Adam söwdasy meselesi biziň döwletimiziň binýatlaýyn gymmatlyklary babatda kabul edip boljak we bir ýere sygyşjak zat däldir. Şol sebäpde, maglumat kampaniýalary adam söwdasynyň öňüni almaga we oňa garşy hereket etmäge gönükdirilen esasy wezipeleri çözmek üçin Hökümetiň, raýat jemgyýetiniň tagallalaryny birleşdirmäge kömek edýär.”

Imam Hudaýberdyýew Jorakul:

“Ýaşlardan başlap ýaşulylara çenli ähli ýaşdaky wekilleri maglumat kampaniýalarynda görmek guwandyryjydyr. Nesilleriň bu dowamaty örän wajypdyr. Ýaşlar bilimleri aldylar we geljekde olary ilat bilen paýlaşarlar. Men ýaşuly hökmünde adam söwdasy ýagdaýyna düşmegiň töwekgelçilikleriniň peseldilmeginde ähli çäreleri görýän döwletimiziň eýeleýän uly ornuny belläp geçesim gelýär. Şol sebäpden hem, bu çygyrda ilatyň habardarlygyny ýokarlandyrmak boýunça maglumat kampaniýalaryny geljekde hem geçirmegiň zerurlygy bar.”

Döwletgeldi Çaryýew

Döwletgeldi Çaryýew

IOM
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz