5-nji dekabrda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň guramagynda Ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň utgaşdyryjy toparynyň utgaşdyryjy duşuşygy geçirildi. Bu möhüm duşuşygyň maksady Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin milli ileri tutulýan ugurlary goldamaga gönükdirilen ösüş çärelerini we maksatnamalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan, şeýle-de goşmaça mümkinçilikleri tapmakdan we Ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň ýurt derejesinde geçirýän işleriniň gaýtalanmagynyň öňüni almagy maslahatlaşmakdan ybaratdy.
Duşuşyga gyzyklanma bildirýän taraplardan Türkmenistanyň Daşary Işler ministrniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň başlygy Atajan Ataýew, Ýewropa Bileleşiginiň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň we Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçileri bilen bir hatarda Ýaponiýanyň, Fransiýanyň, Russiýa Federasiýasynyň ilçihanalarynyň wekilleri, GIZ we beýleki halkara guramalaryň wekilleri, şeýle-de USAID we BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda dowamynda Türkmenistanyň hökümetiniň wekiliýeti duşuşyga gatnaşyjylary 2024-nji ýyl üçin ösüşiň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdylar. Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri hem gürrüňdeşliklere işjeň gatnaşyp, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen taslamalary goldamaga ygrarlydyklaryny beýan etdiler.
Bu duşuşygyň üstünlikli geçirilmegi Türkmenistan bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasyndaky durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygyň dowam edýändigini görkezýär. Duşuşygyň dowamynda beýan edilen pikirleriň we ygrarlylyklaryň hem sebit hem-de dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge uly goşant goşjakdygy ikuçsyzdyr.
***
Ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň utgaşdyryjy topary bilelikdäki tagallalaryň platformasy ýa-da forumy bolup, oňa dürli gyzyklanma bildirýän taraplar, şol sanda döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar hem-de ösüş maksatlaryny goldamak üçin öz tagallalaryny birleşdirýärler we utgaşdyrýarlar. Bu topar hyzmatdaşlygy ösdürmegi, maglumat alyş-çalyş etmegi we ösüş başlangyçlaryna gatnaşýan dürli gatnaşyjylaryň geçirýän işleriniň gaýtalanmagynyň öňüni almagy maksat edinýär.
Türkmenistanyň Ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň utgaşdyryjy topary Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi maksat edinip, ýurduň dürli ugurlardaky ösüşini goldamak üçin hereket edýär.