Press reliz

BMG we Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

11 dekabr 2023

8-nji dekabr, Aşgabat ş. – BMG-niň binasynda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) maliýeleşdirmek boýunça BMG bilen Türkmenistanyň hökümetiniň bilelikdäki bilermenler toparynyň 9-njy maslahaty geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Merkezi bankynyň we Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, şeýle-de BMG-niň Türkmenistandaky Ýurt boýunça toparynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda BMG-niň “Türkmenistanda döwlet maliýe serişdeleriniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek” boýunça bilelikdäki programmany, Maliýeleşdirmegiň köpuguruly milli mehanizmleri (MKMM), ÝUNISEF-iň çagalar bilen baglanyşykly başlangyçlary maliýeleşdirmek babatynda strategiki çemeleşmesi, şeýle-de Türkmenistanda DÖM-i maliýeleşdirmek boýunça maslahatlar ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu maslahat Türkmenistan bilen BMG-niň DÖM-i maliýeleşdirmegi kämilleşdirmek arkaly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ygrarlydyklaryny görkezdi. Maslahata gatnaşyjylar DÖM-i maliýeleşdirmek boýunça birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we olary çözmek boýunça geljekde ýerine ýetirilmeli işleri kesgitlediler.

Hususan-da maslahata gatnaşyjylar, bilelikdäki meýilnamanyň konsepsiýasynyň taslamasyna täzeden garalmalydygy hem-de onda MKMM-niň ýerine ýetirilişi we döwlet maliýe serişdeleriniň dolandyryş ulgamy babatynda BMG-niň deňeşdiriş aýratynlyklaryna üns berilmelidigi barada, şeýle hem DÖM-e ýetmegi tizleşdirmek üçin döwlet we hususy maliýe serişdelerini birleşdirmegiň mehanizmlerine täzeden garalmalydygy barada ylalaşdylar. Bu çäreler DÖM-i maliýeleşdirmekde döwlet serişdelerini rejeli ulanmagy üpjün eder hem-de 2030-njy ýyla çenli DÖM-e ýetmegi tizleşdirer.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz