BSGG we ÝUSAID inçekeseli bejermekde jemgyýetleriň gatnaşygyny üpjün etmek boýunça okuw geçirdiler
11 ýanwar 2024
18-22-nji dekabr, 2023-nji ýyl - Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş boýunça Gullugy (ÝUSAID) “Türkmenistanda inçekeseli aradan aýyrmak boýunça tagallalary çaltlaşdyrmak” bilelikdäki taslamasynyň çäginde “Jemgyýetçilik esasynda goldaw hyzmatlarynyň standartlaşdyrylan bukjasy” atly okuw geçirdiler.
BSGG-niň hünärmeni Doktor Armen Haýrapetýanyň ýolbaşçylygynda geçirlen okuw inçekesele garşy göreşmek üçin berilýän hyzmatlary netijeli durmuşa geçirmek üçin hassalara gönükdirilen lukmançylyk kömeginiň modelini durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Okuwyň dowamynda, Inçekeseliň öňüni almak we bejermek merkeziniň, Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ftiziatriýa kafedrasynyň we Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň wekilleri bilim aldylar we bu modeli netijeli durmuşa geçirmegiň iň gowy usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, gatnaşyjylar inçekeseli bejermegiň we onuň öňüni almagyň netijelerini gowulandyrmak, jemgyýetiň gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem inçekesele garşy göreşmek üçin berilýän hyzmatlaryň ählisinde adam hukuklaryny we gender taraplaryny göz öňüne tutmak üçin jemgyýetçilik esasynda goldaw hyzmatlaryny durmuşa geçirmek babatynda esasy ýörelgeler we görkezmeler bilen has çuňňur tanyşdylar.
Şeýle-de, okuwyň dowamynda jemgyýetçilik esasynda inçekesele garşy hyzmatlary we ilatyň esasy we ejiz toparlar, şol sanda belli bir sebitlerde ýaşaýan adamlar bilen işlemegiň aýratynlyklary, çagalarda inçekeseli bejermek üçin maşgala çemeleşmesi, adatdan daşary ýagdaýlarda inçekesele garşy hyzmatlaryny bermek, jemgyýetçilik esasynda goldaw hyzmatlarynyň standartlaşdyrylan bukjasynyň çykdajylaryny hasaplamagyň usulyýeti we ondan peýdalanmak ýaly mowzuklaryň üstünde durulyp geçildi.