Press reliz

Türkmenistanda serhetaşa kagyzsyz söwdany ösdürmek boýunça degişli milli guramalar bilen duşuşyk geçirildi

22 maý 2024

Türkmenistan, Aşgabat, 2024-nji ýylyň 20-21-nji maýy

Türkmenistan, Aşgabat - BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy we BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy (ESCAP) bilelikde “Türkmenistanda serhetaşa kagyzsyz söwdany ösdürmegiň milli strategiýasyna tarap” atly iki günlük okuw seminaryny gurnady. 2024-nji ýylyň 20-21-nji maýynda BMG-niň binasynda geçirilen bu çäre degişli milli taraplary we ösüş boýunça hyzmatdaşlary Türkmenistanda serhetaşa kagyzsyz söwda başlangyçlaryny durmuşa geçirmek strategiýasyny ara alyp maslahatlaşmak we işläp düzmek üçin bir ýere jemledi.

Surat: © UN Turkmenistan

Seminaryň açylyş güni, ESCAP-yň Söwda, maýa goýum we innowasiýa departamentiň müdiri hanym Rupa Çanda, Türkmenistandaky BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko we Türkmenistanyň Söwda we Daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň Hukuk kadalaşdyryş bölüminiň başlygy jenap Myrat Myradow çykyş etdiler.

Duşuşygyň birinji gününde dürli ministrlikleriň we edaralaryň Türkmenistanda söwdany ýeňilleşdirmäge gönükdirilen esasy başlangyçlaryna giňişleýin syn geçirildi. Ösüş boýunça hyzmatdaşlar, ýagny Aziýanyň Ösüş Bankynyň, ÝUSAIDyň, GIZ, Halkara Söwda Merkeziň wekilleri, häzirki söwdany ýeňilleşdirmek baradaky edilýän işlere içgin öwrenmegine ýardam edip, bu ugurda öz goşantlaryny görkezdiler.

Seminaryň alyp baryjysy, ESCAP-yň Söwda, maýa goýum we innowasiýa departamentiň ykdysady meseleler boýunça hünärmenijenap Tengfeý Wang taýýarlygy bahalandyrmak baradaky hasabatynda bellenen tehniki we hukuk taraplaryna ünsi jemlemek bilen, Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinde serhetaşa kagyzsyz söwdany ýola goýmak üçin Çarçuwaly ylalaşygy boýunça ara alyp maslahatlaşmalary gurnamaga ýardam etdi.

Ikinji gün, gatnaşyjylar harytlaryň gelip çykyş şahadatnamalaryny, fitosanitar şahadatnamalary we synag üçin iň möhüm resminamalary nädip ileri tutmalydygyny öz içine alýan söwda bilen baglanyşykly resminamalary elektron alyş-çalyş etmegiň artykmaçlyklary we taýýarlygy barada has çuňňur öwrendiler. Bu seminar, serhetaşa kagyzsyz söwdany ösdürmek we gysga, orta we uzak möhletli maksatlara gönükdirilen Çarçuwaly ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça milli strategiýany işläp düzmek üçin gurnaldy.

Seminar toparlaýyn sessiýa bilen tamamlandy, soň toparlaýyn çykyşlar we gysgaça mazmunlar we Türkmenistanda serhetaşa kagyzsyz söwdany ösdürmegiň strategiýalary teklip edildi.

Bu waka, Türkmenistanyň söwdany ýeňilleşdirmek we global sanly ykdysadyýetine integrasiýa üçin innowasion çözgütleri durmuşa geçirmäge ygrarlydygyny görkezdi.

Türkmenistan 2022-nji ýylyň maý aýynda Aziýada we Ýuwaş ummany sebitinde serhetaşa kagyzsyz söwdany ýeňilleşdirmek boýunça Çarçuwaly ylalaşyga goşuldy we durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Taýýarlyga baha bermek baradaky hasabat 2022-nji ýylyň dekabr aýynda çap edildi.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

ITC
Halkara söwda merkezi
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

ASDB
Asian Development Bank
GIZ
German Technical Cooperation
USAID
United States Agency for International Development

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz