Press reliz

Türkmenistan we BMG ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitýäler: Strategik maslahatlar geňeşiň ikinji mejlisi

16 iýul 2024

Türkmenistan, Aşgabat, 2024-nji ýylyň 16-njy iýuly - Birleşen Milletler Guramasynyň Ýurt boýunça topary 2024-nji ýylyň 8-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredilen “Türkmenistan we BMG” Strategik maslahatlar geňeşiniň ikinji mejlisine gatnaşdy.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri jenap Raşid Meredow we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň esasy maksady milli gyzyklanýan taraplara we BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň agzalaryna BMG-niň Baş sekretarynyň 2024-nji ýylyň 5-7-nji iýulynda Türkmenistana eden sapary barada maglumat bermek, BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistanyň ýolbaşçylygyndaky mejlislerinde gazanylan ylalaşyklaryň netijelerini paýlaşmak, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň 21-nji martynda kabul eden 78/266 “Halkara parahatçylyk we ysnyşyk ýyly” atly kararyny durmuşa geçirmek baradaky pikirleri we teklipleri ara alyp maslahatlaşmak boldy.

Baş sekretar Antonio Guterresiň Aşgabatdaky saparynyň netijeleri baradaky hasabatynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky maslahatlaşmalary güýçlendirmekligiň wajypdygyny we möhüm meseleler boýunça Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň pozisiýalaryny deňleşdirmegiň zerurlygyny belledi. Bu meseleler bilelikdäki tagallalar arkaly hem-de BMG-niň Tertipnamasy esasynda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, halkara sebitleýin guramalarynyň çäginde parahatçylyk we howpsuzlyk boýunça gepleşikleri güýçlendirmek, Birleşen Milletler Guramasynyň dünýädäki howpsuzlygyň ýeke-täk we kanuny kepili hökmünde ornuny ýokarlandyrmak, parahatçylygy saklamak we döwletleriň arasynda ynam döretmek üçin bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasynyň potensialyny güýçlendirmek,  Owganystandaky ýagdaý we bu ýurdy sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyga goşmakdan ybaratdygyny aýtdy.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan Global Howpsuzlyk Strategiýasyny, Sirkulyar ykdysadyýete geçiş üçin Global çarçuwany, energiýa we ulag aragatnaşygyny ösdürmek we suw diplomatiýasynyň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem 2025-nji ýylda ösüşi maliýeleşdirmek meselesinde Türkmenistanyň ministrler derejesinde halkara maslahaty geçirmäge taýýarlygy baradaky başlangyçlaryny ýene bir gezek gaýtalady. Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, DÖM-iň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak we adam hukuklaryny öňe sürmek we goramak, şol sanda BMG-niň adam hukuklary boýunça mehanizmleri bilen hyzmatdaşlygyň üsti bilen çäreleri görmek borjuny tassyklady. Mejlisiň birinji sessiýasynyň ahyrynda Strategik maslahatlar geňeşiniň agzalary Daşary işler ministriniň BMG-niň  Baş Sekeretarynyň Türkmenistana eden saparynyň netijeleri baradaky hasabatyny kabul etmek; Global dolandyryş sammitinde türkmen tarapynyň teklipleridir başlangyçlary häzirki wagtda işlenip düzülýän 2026-2030-njy ýyllar üçin BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky Durnukly Ösüş Hyzmatdaşlyk ugrunda Çarçuwasynyň çaklerinde görkezmek  barada ylalaşdylar

Mejlisiň ikinji sessiýasynda, gatnaşyjylar 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ysnyşyk ýyly” hökmünde bellemek üçin BMG-niň Baş Assembleýasynyň kararyny durmuşa geçirmek babatda Çäreleriň meýilnamasyny düzmek bilen baglanyşykly teklipler we pikirler alyşdylar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň daşary işler, bilim we ylym, ykdysadyýet we maliýe meseleleri boýunça orunbasarlarynyň, şeýle hem BMG-niň guramalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda Çäreleriň meýilnamasyna goşulmaly anyk teklipler hödürlendi. Gatnaşyjylar BMG tarapyndan teklip edilen ähli başlangyçlary goldadylar. Çäreleriň meýilnamasynyň işini maliýeleşdirmek üçin ýörite milli gaznasynyň döredilmegi ylalaşyldy we onuň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň hökümeti, BMG ulgamynyň edaralary we, mümkin boldugyça, beýleki donorlar tarapyndan üpjün ediler. Duşuşyga gatnaşyjylar meýilnamany jemlemek we 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Strategik maslahatlar geňeşiniň indiki mejlisi tarapyndan tassyklamak üçin bilelikdäki iş toparynyň döredilmegi barada karar etdiler.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

Duşuşyk Türkmenistan we BMG üçin parahatçylygy, ysnyşygy we durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky umumy borçnamalaryny tassyklamak üçin platforma döretdi. Gatnaşanlar Türkmenistan, sebit we dünýä üçin has asuda we abadan geljegi gurmagy maksat edinýän BMG rezolýusiýasynyň ýerine ýetirilişinde ýakyndan hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny gaýtaladylar.

“Türkmenistan we BMG” Strategik maslahatlar geňeşi, Türkmenistan hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we strategiki gepleşikleri ösdürmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredildi. Geňeş parahatçylykda, ösüşde we ynsanperwer kömeginde umumy maksatlary öňe sürmäge ünsi jemleýär.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
UNRCCA
United Nations Regional Centre for Preventive Diplomacy for Central Asia

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz