Press reliz

Aşgabat BMG-niň Merkezi Aziýadaky Hemişelik utgaşdyryjylaryny bir ýere jemledi

17 maý 2025

Türkmenistan, Aşgabat – 2025-nji ýylyň 16-njy maýy – 2025-nji ýylyň 12-16-njy maýy aralygynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary üçin sebit okuw maslahaty geçirildi. Bu çärede ilkinji gezek sebitiň dört ýurdundaky BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjylary bir ýere jemlendiler: jenap Stiwen O'Malli (Gazagystan), hanym Antýe Grawe (Gyrgyz Respublikasy), hanym Kawilmadam Ramaswami Parwati (Täjigistan) we hanym Sabine Mahl (Özbegistan). Bu çäre sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmekde we täze diplomatik nesliň global wezipelere taýýarlanmagynda möhüm ädim boldy.

Okuw maksatnamasynyň dowamynda Hemişelik utgaşdyryjylar BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibi, ynsanperwer we ösüş hyzmatdaşlygy hem-de gender deňligi ýaly möhüm mowzuklar boýunça tejribeleri we pikirleri bilen paýlaşdylar. Olar ýaş diplomatlary parahatçylyk, durnuklylyk we inklýuziwlik ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn diplomatiýany ösdürmäge ruhlandyrmagy maksat edindiler.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

Maksatnamanyň çäklerinde Hemişelik utgaşdyryjylar Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri jenap Raşid Meredow bilen hem duşuşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň sebitleýin dialogy ösdürmäge hem-de diplomatiýada ýaşlaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Jenap Meredow bu başlangyja doly goldaw bildirdi, okuw maksatnamasynyň möhümdigini belledi we ony her ýyl geçirmek baradaky teklibini beýan etdi.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjylarynyň Aşgabatda bilelikde gatnaşmagy ýaşlaryň işjeňligini, diplomatik başarnyklary ösdürmegi we 2030-njy ýylyň Gün tertibini öňe sürmekde BMG-niň utgaşykly hereketleriniň möhümdigini görkezdi. Bu ugurda birnäçe utgaşdyryjynyň Türkmenistana ilkinji sapary sebitleýin ähmiýetli meseleleri çözmekde bitewi çemeleşmäniň nusgasy bolup, Merkezi Aziýada mundan beýläk hem hyzmatdaşlygyň berk binýadyny döretdi.

Enar Berdiýewa

RCO
Sanly aragatnaşyk

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz