BMG-niň Baş sekretarynyň ýaşlaryň işleri boýunça kömekçisi Türkmenistana sapar etdi
22 maý 2025
Türkmenistan, Aşgabat – 2025-nji ýylyň 22-nji maýy –BMG-niň Baş sekretarynyň ýaşlaryň işleri boýunça kömekçi jenap Felipe Paulýer 2025-nji ýylyň 19-21-nji maýy aralygynda milli hyzmatdaşlar bilen aragatnaşygy pugtalandyrmakwe ýaşlaryň Durnukly ösüşiň gün tertibine gatnaşmagyny öňe sürmek maksady bilen Türkmenistana sapar etdi.
Saparyň çäginde jenap Paulýer BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapatçenko we BMG-niň ýurt boýunça topary bilen duşuşdy. Duşuşykda Durnukly Ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň (UNSDCF) durmuşa geçirilişiniň sütünlikleri we bu ugurda ýaşlaryň eýeleýän möhüm orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, ol BMG-niň aragatnaşyk we adam hukuklary toparlary bilen duşuşyp, ýaşlara gönükdirilen habarlaryň, inklýuziwligiň we hukuklara esaslanýan çemeleşmeleriň ähmiýeti barada çykyş etdi.
Jenap Paulýer Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri jenap Raşid Meredow hem-de beýleki hökümet wekilleri bilen hem netijeli duşuşyklar geçirip, ýaşlar syýasatyna, bilim we iş bilen üpjünçilik boýunça milli tagallalaryna BMG-niň doly goldawyny aýtdy. Duşuşyklarda ýaşlar bilen baglanyşykly maksatnamalary giňeltmek we olaryň milli we halkara meseleleriniň çözgüdindäki liderlik mümkinçiliklerini ösdürmek ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem. jenap Paulýeriň ýaşlar bilen, ýagny DÖM-iň ýaş ilçileri bilen geçiren duşuşygy aýratyn ähmiýetli boldy. Ol ýaşlaryň döredijiligine, liderlik başarnyklaryna we ýagty geljegi gurmak ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi. Olaryň öz jemgyýetlerinde ýaşlaryň sesini has güýçli ýetirmäge we 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmekde işjeň hyzmatdaşlar bolup galmaga çagyrdy.
Bu sapar BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk hyzmatdaşlygyň we ýaşlaryň mümkinçiliklerini artdyrmak arkaly has adalatly, inklýuziw we durnukly dünýä gurmak boýunça tagallalaryň dowamlylygynyň nyşany boldy.