Press reliz

BMG-niň işgärleri üçin adamyň ýaramaz endikleri boýunça okuwlar

03 fewral 2017

  • BMG-niň Saglygy goraýyş boýunça bütindünýä tematik toparynyň çäginde, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasy BMG-niň işgärleri üçin adamyň ýaramaz endikleri boýunça 2 sagatlyk okuwy geçirdi

Okuw AIW ýokanjy/AIDS keseli barada bolup, ol BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasynyň wekili Annatäç Mämmedowa tarapyndan geçirildi. Okuwlara BMG-niň ähli gulluklaryndan 30 sany wekil gatnaşdy. Okuwyň temasy örän möhüm we döwrebap boldy, çünki ýaramaz endikler köp adamlara öz täsirini ýetirýär. 

Okuw nazary maglumaty, durmuşy mysallary we amaly gönükmeleri öz içine alyp, olaryň netijesinde gatnaşyjylar tema has çuň derejede girişdi. Okuwyň dowamynda gatnaşyjylar ýaramaz endikleriň dürli gönüşleri barada öwrendi. BMG-niň işgärleri ýaramaz endikleriň sebäpleri we netijeleri barada maglumat aldy. Amaly gönükmeler bolsa gatnaşyjylara maşgalanyň çägindäki rollara düşünmäge we ol rollaryň şahsyýeti kemala getirmekde ýetirýän täsirine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Gatnaşyjylaryň biri bu meseleleriň hökman ara alnyp maslahatlaşylmalydygyny hem-de bu meseleleriň sebäpleriniň, köplenç ýagdaýda, maşgaladan gelip çykýandygyny belledi. Gatnaşyjylar okuwa işjeň gatnaşdy we bu tema uly gyzyklanma görkezdi. Indiki okuw ýaramaz endikleri bejermegiň ýollaryna bagyşlanar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz