Press reliz

Bütindünýä Saglyk Guramasy temmäki bilen bagly öýken kesellerinde aradan çykmaklygyň ägirt uly masştablaryny belledi

30 maý 2019

  • 2019-njy ýylyň Bütindünýä temmäkisiz güni. Temmäkä ruhuňyzy eýelemäge ýol bermäň.

Bütindünýä temmäkisiz günüň (31-nji maý) öňüsyrasynda Bütindünýä saglyk guramasy temmäkiniň öýkeniň saglygyna ýetirýän zeperlerini hasaplaýar: temmäki zerarly ähli ölüm ýagdaýlarynyň 40%-den gowragy rak, hroniki keseller we inçe kesel ýaly öýken keselleri zerarly bolýar. BSG ýurtlary we hyzmatdaşlaryny adamlary temmäkiniň täsirinden goramak boýunça hereketleri işjeňleşdirmäge çagyrýar.

“Her ýyl temmäki zerarly azyndan 8 million adam aradan çykýar. Ýene millionlarça adamlar öýken ragy, inçe kesel, astma ýa-da temmäki zerarly beýleki öýken keselleri bilen ýaşaýarlar” – diýip, BSG-nyň Baş direktory, doktor Tedros Adhanom Gebrees belläp geçdi. “Sagdyn öýken sagdyn ýaşaýyş üçin zerur. Bu gün hem-de her gün temmäkä “ýok” diýmek bilen, siz öz öýkeniňizi, öz dostlaryňyzy we maşgalaňyzy gorap bilersiňiz”.

2017-nji ýylda temmäki zerarly ony ulanýanlar hem-de ikilenç tüssäniň täsirine düşýän adamlaryň 3,3 milliony öýken kesellerinden aradan çykdy. Şol sanda:

  • 1,5 million adam – hroniki öýken we dem alyş ýollarynyň kesellerinden;
  • 1,2 million adam – rak keselinden (traheýa, bron we öýken ragy);
  • 600.000 adam – dem alyş ýollarynyň infeksiýalaryndan we inçe keselden.

5 ýaşa çenli çagalaryň 60.000-den gowragy passiw çilimkeşlik zerarly bolup geçýän aşaky dem alyş ýollarynyň şikeslerinden aradan çykýar. Uly ýaşly adamlarda öýkeniň hroniki obstruktiw keselleri has uly ýaşynda başlaýar.

Näme edip bolýar?

Bütindünýä Saglyk Guramasy BSG-nyň Temmäkä garşy göreşmegiň çarçuwalaýyn konwensiýasy doly ýerine ýetirilmeginiň, BSG tarapyndan maslahat berilýän “MPOWER” syýasatynyň çärelerini öz içine almak bilen temmäkä garşy göreşiň netijeli çärelerini durmuşa geçirmegiň ýoly bilen ähli ýurtlary temmäki epidemiýasyna garşy göreşmäge çagyrýar. Ol çäreleriň biri hökmünde salgydy ýokarlandyrmak, tüssesiz ýerleri döretmek we çilim çekmegi bes etmegi goldamak usullary bilen temmäkä bolan islegi peseltmek mysal bolup biler.

Gurama şeýle hem ene-atalary we obşinalaryň liderlerini öz maşgalalaryna we obşina agzalaryna temmäkiniň zyýany barada maglumatlary ýetirmek ýoly bilen olary goramaga çagyrýar.

Redaktorlar üçin bellikler:

Temmäkiniň täsiri bütin dünýädäki adamlaryň öýkenleriniň saglygyna şu aşaky usullar bilen güýçli täsir edýär:

Öýken ragy. Temmäki çekmek öýkeniň rak keseliniň esasy sebäbi bolup, bütin dünýäde öýken keselleri zerarly ölümleriň üçden iki bölegi onuň paýyna düşýär. Tüssäniň öýde, işde ýa-da başga ýerlerde passiw täsir etmegi hem öýkeniň rak keseliniň töwekgelçiligini ýokarlandyrýar. Çilim çekmekden ýüz öwürmek öýkeniň rak keseliniň mümkinçiligini peseldip bilýär: 10 ýyl çilim çekmekden ýüz öwrülenden soňra öýkeniň rak keseli bilen kesellemegiň töwekgelçiligi çilim çekýän adamyňky bilen deňeşdireniňde iki esse pes bolýar.

Dem alyş ýollarynyň hroniki keseli. Temmäki çekmeklik dem alyş ýollarynyň hroniki obstruktiw keseliniň esasy sebäbi bolup durýar. Bu ýagdaýda öýkendäki riň suwuklygy agyr üsgülewige we dem alşyň agyrlaşmagyna getirýär. Bu keseliň ösmekligi esasan hem ýaş wagtynda çilim çekmäge başlan adamlarda hem-de passiw çilim çekmeklige sezewar bolýan adamlarda has mümkindir, sebäbi temmäki tüssesi öýkeniň ösüşini haýalladýar.

Temmäki şeýle hem astmany agyrlaşdyrýar, ol bolsa işjeňligi çäklendirýär we maýyplyga hem getirip bilýär. Çilim çekmegi ir taşlamak dem alyş ýollarynyň keseliniň ösmeginiň garşysyna hem-de astmanyň alamatlarynyň gowulaşmagy üçin iň netijeli serişdedir.

Bütin ömrüň dowamynda: enesiniň göwresindekä enesiniň çilim çekmegi ýa-da temmäki tüssesiniň passiw täsirine düşen bäbeklerde ösüşiniň haýallaşmagy we öýkeniň işiniň haýallaşmagy bolup bilýär. Temmäkiniň tüssesiniň täsirine düşen  kiçi çagalarda astmanyň, pnewmoniýanyň we bronhitiň, şeýle hem aşaky dem alyş ýollarynyň infeksiýalary has köp duş geýlär. Çilimkeşler bäbegiň ýa-da kiçi çaganyň ýanynda çilim çekmeýänligine hemişe göz ýetirmelidirler.

Inçe kesel. Inçe kesel öýkene zeper ýetirýär we öýkeniň funksiýalaryny kemeldýär. Bu bolsa temmäki bilen has hem agyrlaşýar. Dünýäniň ýaşaýjylarynyň dörtden bir böleginiň latent inçekeseli bar, bu bolsa olarda işjeň keseliň emele gelmeginiň howpuny görkezýär. Çilim çekýän adamlar inçe kesel bilen iki esse köp keselleýärler. Temmäki çekmegiň netijeleri we öýkeniň näsazlygy bilen agyrlaşýan işjeň inçe kesel maýyplygyň we dem alyş ýetmezçiligi zerarly aradan çykmagyň töwekgelçiligini ýokarlandyrýar. Inçe keselli hassalar çilim çekmegi taşlamak, inçe keselden bejergi almagyň netijeli ýoluny üpjün etmek üçin anyk çäreleri görmelidirler.

Howanyň hapalanmagy: temmäki tüssesi otaglaryň içinde howanyň hapalanmagynyň esasy sebäbi bolup durýar. Onda 7000-den gowrak himiki maddalar bolup, olaryň 69-sy mälim bolşy ýaly rak keseline getirýär. Tüsse göze görünmeýän we yssyz bolsa hem, ol howada bäş sagada çenli saklanyp bilýär.

Temmäki nädip Durnukly ösüş maksatlary bilen bagly: 2030-njy ýyla çenli wagtyndan öň aradan çykmaklygy üç esse kemeltmek ugrunda Durnukly ösüş maksadyna ýetmek üçin temmäkä garşy göreş bütin dünýäde hökümetler we jemgyýetler üçin ileri tutulýan ugur bolmaly. Häzirki wagtda dünýä bu maksada ýetmegiň ýolunda däl.

 

Goşmaça maglumat:

Bütindünýä temmäkisiz günüň web sahypasy: https://www.who.int/campaigns/world-no-tobacco-day/world-no-tobacco-day-2019

Temmäkä garşy göreş boýunça BSG-nyň çarçuwalaýyn konwensiýasy: https://www.who.int/fctc/en/

Temmäkä garşy göreş boýunça BSG-nyň MPOWER çäreleri: https://www.who.int/tobacco/mpower/en/.

 

Fadela Chaib

BSGG
Communications Officer

Paul Garwood

BSGG
Communications Officer

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz