Press reliz

Türkmenistanyň Hökümeti Meýletin milli syny tamamlaýar

08 iýun 2019

  • Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Durnukly ösüş maksatlary boýunça milli edarara iş toparynyň başlygy hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde gazanylýan öňegidişlikler barada Meýletin milli synyň netijelerini görkezmek üçin edarara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary alyp bardy.

Mejlisiň gatnaşyjylary, şol sanda BMG-niň gulluklarynyň başlyklary BMG-nyň Ykdysady we jemgyýetçilik geňeşiniň saýasynda iýul aýynda Nýu Ýork şäherinde geçiriljek Ýokary derejeli syýasy forumda görkeziljek Milli meýletin hasabaty we wideony gözden geçirdi we bu barada pikir alyşdy.

“Durnukly ösüş maksatlary boýunça işiň Meýletin milli syny bermek bilen çäklenmeýändigini belläsim gelýär; bu diňe başlangyç tapgyr. Biz hem Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmeginiň öňegidişliklerine gözegçilik etmekde goşmaça goldaw berip, şeýle ýagdaýda işlemegimizi dowam etmäge taýýar” diýip, BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa belledi.

Bu işe hemmeleriň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin, hasabatyň düzülmegine ýaşlar, hususy sektoryň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdy.

Hasabat düzülen wagty, BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň we Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň bilelikdäki taslamasynyň çäginde Durnukly ösüş maksatlarynyň arasynda özara baglanyşygy şöhlelendirmek üçin köpdürli innowasion usullar we gurallar ulanyldy. Mysal üçin, Durnukly ösüş maksatlarynyň özara baglanyşygyny gözden geçirýän BMG-nyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we jemgyýetçilik komissiýasynyň ulgamlaýyn pikirlenme boýunça guraly ilkinji gezek ulanyldy.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz