Türkmenistan sebitleýin forumda Durnukly ösüş maksatlary ugrunda hyzmatdaşlyk etmegiň mysaly hökmünde
04 mart 2018
- 2017-nji ýylda Ýewropa we GDA döwletleriniň arasynda Türkmenistan “MAPS” çemeleşmesini kabul eden bäş sany döwletleriň birine öwrüldi. “MAPS” çemeleşmesi ýurtda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilişini güýçlendirmäge amaly çözgütleri üpjün etdi.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň guramagy esasynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Istanbul şäherindäki sebitleýin merkezinde geçirilen Ösüş boýunça 2018-nji ýylyň duşuşyklarynda Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilişi boýunça tejribesini paýlaşdy. Şu ýylyň duşuşyklarynda bütindünýä ösüşi boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklara ýokary derejeli syýasy işgärleriň, telekeçileriň, raýat jemgyýetiniň we hünärmenleriň 80-den gowragy gatnaşyp, olar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini üstünlikli ýagdaýda durmuşa geçirmäge ýardam berjek çäreler barada pikir alyşdy.
Türkmenistanyň wekilýetine Türkmenistanyň Strategiýa we Durnukly ösüş institutynyň müdiri Orazmuhammet Aşyrow ýolbaşçylyk etdi. Maslahatyň hyzmatdaşlary üçin forumyň dowamynda ol Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ugrunda edýän tagallalary barada aýtdy. Ondan başga-da, duşuşyklara Serbiýanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň Hökümetiniň, şeýle-de BMG-niň gulluklarynyň wekilleri gatnaşyp, olar öz işlerinde durnukly ösüş boýunça durmuş-ykdysady, dolandyryş, şeýle-de innowasiýalar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Istanbul şäherindäki sebitleýin merkezinde geçirilen Ösüş boýunça 2018-nji ýylyň duşuşyklary hem-de hyzmatdaşlar üçin forum 15-den gowrak döwletiň hökümet işgärleriniň we hökümete degişli bolmadyk sektoryň işgärleriniň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça özara pikir alyşmagy we bu boýunça gazanylan tejribäni paýlaşmagy üçin gowy mümkinçilik boldy. Ondan başga-da, telekeçiler, ösüş we täjirçilik banklary we raýat jemgyýetiniň guramalary 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi babatda pikirlerini hem beýan etdi.
Öz çykyşynda Orazmuhammet Aşyrow Türkmenistan bilen Birleşen milletler guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işjeň ýagdaýda hyzmatdaşlyk edýändigi barada belledi, çünki Türkmenistan 2016-njy ýylda Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdirmek boýunça işleri geçirdi. Geçen ýylyň ahyrynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçylygynda “Wagyz etmek, tizleşdirmek we syýasaty goldamak” (“MAPS”) çemeleşmesi öz işini tamamlady, onuň netijesinde Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça maslahatlar berildi.
2017-nji ýylda Ýewropa we GDA döwletleriniň arasynda Türkmenistan “MAPS” çemeleşmesini kabul eden bäş sany döwletleriň birine öwrüldi. “MAPS” çemeleşmesi ýurtda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilişini güýçlendirmäge amaly çözgütleri üpjün etdi.