Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa boýunça sebit bölüminiň adatdan daşary meseleler boýunça baş hünärmeni, Türkmenistanda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň COVID-19 boýunça wekilýetiniň başlygy doktor Katrin Smolwud bilen söhbetdeşlik
05 iýul 2020
- Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa boýunça sebit bölüminiň adatdan daşary meseleler boýunça baş hünärmeni, Türkmenistanda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň COVID-19 boýunça wekilýetiniň başlygy doktor Katrin Smolwud bilen söhbetdeşlik
1 / BSGG-niň COVID-19 boýunça wekilýeti indiki hepde Türkmenistana gelmekçi. Bu wekilýetiň maksady näme we BSGG-niň hünärmenleri Türkmenistanda näçe wagt işlär?
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň wekilýeti 6-njy iýulda Türkmenistana gelip, milli we ýerli häkimiýetler bilen COVID-19-a taýýarlygynyň we oňa jogap beriş çäreleriň dürli ugurlary boýunça işleşmegi meýilleşdirýär. Biziň işimiz milli derejede utgaşdyrmak we gözegçilik ulgamlary, epidemiologiýa we epidemiologiki gözegçilik, barlaghana hyzmatlary, hassalar bilen iş salyşmak, ýokanç keselleriň öňüni almak, şeýle hem wirusa gözegçilik etmek we wirusyň töwekgelçilikleri barada ilata habar ýetirmek ýaly ugurlara gönükdiriler.
Wekilýet topary ýurtda, takmynan, 10 gün geçirmegi meýilleşdirýär. Onuň gün tertibi töwekgelçiliklere baha bermek we COVID-19-a gözegçilik etmek üçin zerur bolan jogap beriş ulgamlaryny ösdürmek maksady bilen bilelikde işlemek üçin ýokary derejeli işgärler we saglygy goraýyş hünärmenleri bilen birnäçe duşuşygy öz içine alýar. Hünärmenler milli, sebit we şäher derejesindäki lukmançylyk edaralaryna, saglygy goraýyş merkezlerine, barlaghanalara we beýleki edaralara, şeýle hem giriş nokatlaryna baryp görmegi meýilleşdirýär.
Bu wekilýet BSGG-niň Ýewropa sebitindäki ýurtlara berýän ýöriteleşdirilen goldawynyň bir bölegidir. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy soňky aýlarda COVID-19 wirusyna garşy göreşmekde kömek bermek üçin sebitiň dürli ýurtlaryna 70 töweregi wekilýeti iberdi we bu görlüp-eşidilmedik döwürde Türkmenistan bilen ýakyndan işleşmek mümkinçiligini giňden goldaýarys.
2/ BSGG-niň wekilýetiniň sapary birnäçe gezek yza süýşürildi. Onuň sebäbini düşündirip bilersiňizmi?
COVID-19 pandemiýasy wagtynda syýahat babatda çäklendirmeler Ýewropa sebiti boýunça hereketi ep-esli çylşyrymlaşdyrdy. Bu döwürde wekilýetiň agzalary ýurda baryp biler ýaly, ulag ýollaryny gözlemek üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen göni aragatnaşykda bolduk we wekilýet Türkmenistanyň Hökümetiniň goldawy bilen iýul aýynyň 6-na geler.
3/ BSGG-niň Türkmenistanyň Hökümeti bilen gatnaşyklaryna nähili baha berýärsiňiz? Saglygy goraýyş ministrligi bilen COVID-19 babatda nähili işleýärsiňiz?
BSGG-niň Türkmenistanyň Hökümeti we Saglygy goraýyş ministrligi bilen uzak we netijeli gatnaşygy bar. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky ofisi 1995-nji ýylyň noýabr aýynda Hökümete saglyk syýasatlaryny ösdürmekde, saglyk ulgamyny we jemgyýetçilik saglyk maksatnamalaryny berkitmekde goldaw bermek üçin döredildi. Ofis Türkmenistanda BSGG-niň işleriniň merkezi bolup durýar. Wekilýetiň meýilleşdirilýän wezipesi COVID-19 peýda bolan we ýaýran halatynda taýýarlyk işlerine gönükdiriler. Saglygy goraýyş ministrligi bilen bilelikde we hyzmatdaşlaryň we ýardam berijileriň goldawy bilen, bu ugurda saglygy goraýyş işgärleri üçin okuwlar, maglumat materiallaryny taýýarlamak we beýleki birnäçe taslamanyň üstünde işleýäris.
4/ Türkmenistan COVID-19 hadysalary barada habar bermedi. Ýurt wirusy gözegçilik astynda saklaýar we türkmen häkimiýetleriniň bu meselä çemeleşmesi gowy netije berýär. BSGG-niň hünärmeni hökmünde ýurtdaky ýagdaý barada pikiriňiz nähili?
Türkmenistan COVID-19 boýunça milli köp pudakly iş toparyny döretdi; COVID-19 üçin taýýarlyk we jogap beriş meýilnamasy tassyklady; COVID-19-yň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça görkezmeleri işläp düzdi. Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli derejelerindäki edaralaryň we işgärleriň düzüminiň üýtgedilmegi hökümet tarapyndan ädilen möhüm ädimdir: bu edaralaryň profilini üýtgetmegi we saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamagy öz içine alýar. Saparymyzda ýerine ýetirilen işler barada has giňişleýin öwrenmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
COVID-19-yň ýaýramazlygy üçin iň täsirli çäreleri kesgitlemekde Türkmenistana goldaw bermäge taýýardyrys. Milli we ýerli häkimiýetler bilen bilelikde alyp barýan işimiz ýurduň ilatyny wirusdan goramaga goşant goşar diýip umyt edýäris.
5/ Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy bilen bilelikde Koronawirus ýokançlygyna taýýarlyk görmek we oňa garşy göreşmek boýunça milli meýilnama işläp düzdi. BSGG bu prosesiň bir bölegi bolupdy. Bu resminama barada bize aýdyp bilersiňizmi, ol BSGG-niň ülňülerine laýyk gelýärmi?
Hakykatdan hem, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy COVID-19-a taýýarlyk we jogap beriş meýilnamasyny düzmek babatda ýurda kömek bermekde öňdebaryjy orny eýeledi. Ol BSGG-niň ülňülerine laýyklykda işlenip düzüldi. Meýilnamanyň maksady ýokanjyň ýurda girmeginiň öňüni almak we bu ýagdaý ýüze çyksa, onuň ýaýramagynyň öňüni almak we wirusyň durmuş we ykdysady netijelerini azaltmak bolup durýar. Taýýarlyk döwründe, meýilnama milli mümkinçilikleri güýçlendirmek üçin zerur ugurlary we çäreleri kesgitlemäge, Hökümete, BMG-niň guramalaryna we beýleki halkara hyzmatdaşlara goşmaça çeşmelere we serişdelere mätäç ugurlary kesgitlemäge kömek etmelidir. Ondan başga-da, BSGG pandemiýanyň uzak möhletli täsirlerine garşy göreşmekde Türkmenistana goldaw berer.