Press reliz

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropadaky bilermenler topary ýurduň COVID-19-a taýyn bolmagyny goldamak üçin Türkmenistana baryp ýetýär

07 iýul 2020

  • Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň saglygy goraýyş boýunça bäş sany hünärmenden we epidemiologdan ybarat wekilýeti dün Türkmenistanyň Hökümetiniň haýyşy boýunça Türkmenistana geldi. Topar töwekgelçiliklere baha bermek we COVID-19 bilen göreşmek üçin zerur bolan jogap beriş mehanizmlerini işläp düzmek maksady bilen saglygy goraýyş edaralary bilen ýakyndan işleşer.

Topar 10 günlük ýaýbaňlandyryş döwrüniň dowamynda gözegçilik, barlaghana hyzmatlary, hassalary dolandyrmak, ýokanç keselleriň öňüni almak we gözegçilik, töwekgelçilik aragatnaşygy we jemgyýetiň gatnaşygy we ş.m. pudaklarda ýokary derejeli işgärler we saglygy goraýyş hünärmenleri bilen bilelikde işlemegi maksat edinýär. Hünärmenler milli, sebit we şäher derejesindäki saglygy goraýyş edaralaryna, jemgyýetçilik saglygy merkezlerine, barlaghanalara, gyssagly lukmançylyk kömegi merkezlerine we beýleki desgalara baryp görmegi meýilleşdirýär.

BSGG-niň wekilýeti BSGG-niň Ýewropa ofisiniň agza ýurtlara yzygiderli berýän goldawynyň bir bölegidir. Soňky aýlaryň dowamynda, BSGG COVID-19 wirusynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin Ýewropa sebitindäki ýurtlara 70-e golaý wekilýeti iberdi.

“Bu wekilýet BSGG-niň Ýewropa ofisiniň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen berk hyzmatdaşlyga bolan ygrarlylygyny şöhlelendirýär. Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde syýahat bilen bagly çylşyrymly kynçylyklaryny ýeňip geçdik we şu gün ýurda ýetip bilendigimize begenýäris” – diýip, BSGG-niň Ýewropadaky ofisiniň Gyssagly kömek gullugynyň baş sekretary we wekilýetiň ýolbaşçysy doktor Katrin Smolwud nygtady. “Türkmen halkynyň saglygyny COVID-19-dan goramak üçin iň oňat çözgütleri tapmak maksady bilen milli we ýerli häkimiýetler bilen bilelikde işleşmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.”

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy COVID-19 meselesini çözmek üçin wekilýete ýardam berýändigi we hyzmatdaşlygy amala aşyrýandygy üçin türkmen häkimiýetine minnetdarlygyny bildirdi.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz