Türkmenistan Milli meýletin synyň maglumatlaryny ýurtda programmirlemek üçin ulanmak tejribesini paýlaşýar
08 iýul 2020
- Birleşen milletler guramasy we Türkmenistanyň Hökümeti Maglumata we çarçuwaly hyzmatdaşlygyň faktlaryna esaslanan BMG-niň Ýurt boýunça umumy derňewi üçin Milli meýletin synyň prosesini ulanmak atly ýörite Milli meýletin syn barlaghanasynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forumyň çäginde öz tejribelerini paýlaşdylar.
Şeýle barlaghanalar her ýyl deň gelýän mowzuklara we ýurt tejribelerine gönükdirilen iň oňat tejribeleri paýlaşmak üçin resmi däl platforma hökmünde gurnalýar. Duşuşyk onlaýn görnüşde geçirildi, onda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategiki we durnukly ösüş bölüminiň başlygy jenap Atajan Ataýew Milli meýletin synyň Türkmenistanda işläp düzüliş prosesini, şeýle hem milli hasabatdaky maglumatyň CCA prosesinde we Hökümet bilen BMG-niň arasyndaky 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk çarçuwasyny işläp düzmekde ulanylyşyny hödürledi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa BMG-niň ýurt boýunça toparynyň CCA-ny we Hyzmatdaşlyk çarçuwasyny Milli meýletin synyň esasy netijeleri barada habardar etmäge üpjün etmek ugrunda Hökümete nähili goldaw berendigi barada paýlaşdy. Şeýle hem, Milli meýletin syny işläp düzmek prosesiniň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurduň ösüşine baha bermäge gönükdirilen işjeň maglumatlary ýygnamaga we seljeriş işleriniň başlanmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.
“Milli meýletin syn prosesi 2019-njy ýylyň Ýokary derejeli syýasy forumy tarapyndan tematiki taýdan saýlanan Durnukly ösüş maksatlary nukdaýnazaryndan ýurtdaky ýagdaýy seljermek üçin bilelikdäki möhüm platforma bolup hyzmat etdi. Milli meýletin syn degişli Durnukly ösüş maksatlarynyň arasyndaky birek-birege baglylygyň derejesini, şeýle hem olaryň durmuşa geçirilmeginiň yzda galan toparlara edýän täsirini görkezdi” -diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa nygtady.
Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ähmiýeti COVID-19 pandemiýasynyň bütin dünýäde ýaýramagy netijesinde ýüze çykýan gowşak goralanlyklary ýok etmek bilen baglanyşyklydy. Ondan başga-da, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy BMG-niň ýurt boýunça toparynyň Hökümetiň ýaňy-ýakynda Prezidentiň karary bilen tassyklanan COVID-19 üçin durmuş-ykdysady jogap beriş meýilnamasyny düzmekde Hökümete goldaw berýändigini belledi.
Türkmenistanyň prezentasiýasy Hyzmatdaşlyk çarçuwasyna, COVID-19-a durmuş-ykdysady jogap beriş ýa-da beýleki ýurt meýilnamalaşdyryş işlerini başdan geçirýän ýa-da olara taýýarlyk görýän beýleki hökümetlere we BMG-niň ýurt boýunça toparlaryna tejribe alyşmaga ýardam berdi.