Türkmenistanyň Daşary işler ministri jenap Raşid Meredow BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa tarapyndan ýolbaşçylyk edilen BMG-niň ýurt boýunça topary bilen 2019-njy ýylyň iýul aýynyň 1-ne geçirilen duşuşykda bu barada belledi.
Duşuşyga BMG-niň Ösüş maksatnamasy, ÝUNFPA, ÝUNISEF, ÝUNODK, BSSG, Bütindünýä migrasiýa guramasy ýaly BMG-niň gulluklarynyň ýolbaşçylary gatnaşyp, ol 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda hyzmatdaşlygyň netijeleriniň jemini jemlemeklige we ýylyň ikinji ýarymynda ileri tutuljak ugurlary kesgitlemeklige bagyşlanyldy.
Hemişelik utgaşdyryjy ulgamyna güýçlendirilen we deň ýagdaýda geçiş barada belläp, gatnaşyjylar BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýeti we özara düşünişmekligiň ýokary derejesi barada belledi.
“Biz Birleşen milletler guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris, çünki ol ýurduň durnukly ösüşlere, şol sanda Türkmenistanyň ilatyna položitel täsiri ýetirýän Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine goşandyny goşýar” diýip, ministr belledi.
Netijeli gepleşikleriň dowamynda, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy BMG-niň 2019-njy ýylyň soňuna çenli ileri tutjak aşakdaky esasy ugurlara ministriň ünsüni çekdi:
- Türkmenistanyň Ýokary derejeli syýasy forumynda görkezjek Meýletin milli synyň netijeleriniň esasynda ýurtda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmek ugrunda milli hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etmek. Durnukly ösüş maksatlary boýunça ýaş ilçini resmi wekilýetiň düzümine goşmagy üçin Hökümete minnetdarlyk bildirmegiň üsti bilen, ýaşlara ses bermegiň möhümligi barada bellenildi.
- 2021-2025-nji ýyllar üçin BMG bilen Türkmenistanyň arasynda durnukly ösüş ugrunda täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak. Doly derejede inklýuziw boljak bu iş ýylyň soňunda tamamlanar, bu boýunça esasy resminama bolsa 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda tassyklanylmaly we gol çekilmeli.
- BMG-niň Ösüş ulgamynyň özgertmeleri BMG-niň edaralarynyň ýurduň zerurlyklaryna doly we deň jogaby talap edýändigi sebäpli, işleriň täze toplumynda bilelikdäki programmirlemä has köp üns berler. Onuň bilen baglylykda, ösüşi maliýeleşdirmegiň dürli serişdelerini çekmek, şol sanda Hökümet tarapyndan bilelikde maliýeleşdirmek meseleleri möhüm bolar.
Türkmenistanyň Hökümeti bu pikirleriň ählisi boýunça goldaw berýär. Duşuşygyň barşynda, BMG-niň gulluklarynyň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we degişli çözgütler kabul edildi.