Press reliz

Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri töwekgelçilikler barada habar bermek boýunça UNICEF we BSGG tarapyndan guralan brifinge gatnaşýarlar

29 iýul 2020

  • Türkmenistanyň milli habar beriş serişdeleri we ýurtda akkreditirlenen halkara habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere taýýarlyk we olara garşy göreş meýilnamasynyň möhüm bölegi hökmünde töwekgelçilikler barada habar bermek we jemgyýet bilen özara gatnaşyk ýörelgeleri barada öwrendiler.

Birleşen milletler guramasynyň Çagalar gaznasy (UNICEF) we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG) tarapyndan onlaýn guralan we Daşary işler ministrligi tarapyndan goldanan bu brifing pandemiýanyň öňüni almak we saglyk barada habarlary giň halka ýetirmegiň täsirli ýollary barada žurnalistleriň we redaktorlaryň arasynda habardarlygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar UNICEF-iň habar beriş we hasabat boýunça iň oňat tejribeleri, şol sanda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen hyzmatdaşlykda döredilen milli telewideniýede arassaçylygy wagyz etmek baradaky wideo we multfilmleri ýaýratmak ýaly tejribeleri bilen tanyşdylar.

Çäräni açmak bilen, UNICEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand “…töwekgelçilikler barada habar bermek babatda esasy kynçylyklaryň biri dürli maksatly diňleýjileri, şeýle hem adamlara ýokaşma töwekgelçiligine düşünmäge we öňüni alyş çäreleri kabul etmäge kömek etjek anyk aragatnaşyk usullaryny we habarlaryň görnüşlerini kesgitlemekden ybarat”. UNICEF-iň wekili köpçülikleýin habar beriş serişdelerini saglygy goramak boýunça möhüm maksatnamalaryň gerimini nädip giňeltmelidigi, çagalaryň we maşgalalaryň howpsuzlygyny we saglygyny üpjün etmek üçin UNICEF we habar beriş serişdeleriniň haýsy goşmaça çeşmeleri we materiallary düzüp biljekdigi barada öz garaýyşlaryny we pikirlerini paýlaşmaga çagyrdy.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky ofisiniň başlygy Paulina Karwowska hem açylyş dabarasynda çykyş etdi. BSGG-niň milli hünärmeni COVID-19-yň gelip çykyşy, pandemiýa baradaky global statistika we pandemiýanyň öňüni almakda Türkmenistanyň Hökümetine goldaw bermek barada žurnalistlere maglumat berdi.

UNICEF we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy Türkmenistanyň taýýarlyk we jogap beriş meýilnamasynyň çäginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin yzygiderli maglumat bermek we mümkinçilikleri artdyrmak boýunça çäreleri geçirmegi meýilleşdirýärler.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz