Press reliz

5-nji gün: DÖM boýunça konsultasiýalar 1-nji “Garyplygy aradan aýyrmak” maksadyny öz içine aldy

10 mart 2016

  • Sekiz töweregi milli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri 1-nji maksat üçin hödürlenen 7 wezipäni hem-de Türkmenistan üçin olaryň aktuallygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

DÖM boýunça milli konsultasiýalaryň dowamynda durnukly ösüş maksatlarynyň sanawynda ilkinjisi “Garyplygy aradan aýyrmak” ÝUNISEF we Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan hödürlendi. Maslahaty BMG-nyň ilat mirasy gaznasy (ÝUNFPA), BMG ösüş maksatnamasy (BMGÖM), Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) we BMG Zenanlary goldadylar. Maksat şu aşakdakylary öz içine alýar.

“Garyplygyň islendik şekillerini we görnüşlerini aradan aýyrmak adamzadyň öňünde durýan iň beýik wezipeleriň biri bolup durýar. Garyplyk şertlerinde ýaşaýan adamlaryň sany azalan hem bolsa (1990-njy ýylda – 1,9 milliard, 2015-nji ýylda – 836 million), örän köp adam häzirki wagtda hem adamyň iň ýönekeý zerurlyklaryny kanagatlandyrmak ugrunda göreşýärler.

Bütin dünýäde häzirki wagtda hem 800 milliondan gowrak adam günde 1,25 amerikan dollaryna ýaşaýarlar; köp adamlar üçin iýmit, arassa agyz suwy hem-de sanitariýa şertleri ýetmezçilik edýär. Hytaý we Hindistan ýaly ýurtlarda ýokary ykdysady ösüş millionlarça adamlary garyplykdan halas etdi, emma ösüş deňagramly bolmady.

Tölenýän işiň, bilimiň we hususyýetçiligiň deňagramly dälligi sebäpli, erkekler bilen deňeşdirilende has köp zenanlar garyplykda ýaşaýarlar.

Ösüş şeýle hem Günorta Aziýa we Saharadan günortadaky Afrika ýurtlary ýaly sebitlerde çäklendirilendir. Ol ýerlerde Ýeriň garyplykda ýaşaýan ilatynyň 80 göterimi ýaşaýar. Howanyň üýtgemegi, konfliktler we azyk howpsuzlygynyň ýoklugy bilen bagly täze howplar zerarly bu görkezijiniň artmagyna garaşylýar”.

Sekiz töweregi ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri 1-nji maksat üçin ýedi wezipesini hem-de Türkmenistan üçin olaryň aktuallygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşyjylar ýedi wezipäniň ählisini kabul etmegi ylalaşdylar, hem-de 12 görkezijiniň bäşisi üýtgewsiz kabul edildi, ikisi ýerli şertlere laýyklykda düzedildi we bir sany milli görkeziji işlenilip düzüldi. Üç sany görkezijisi bolsa soňlugy bilen anyklanmaga goýuldy.

Garyplygy aradan aýyrmak boýunça wezipeleriň ikisi aýratyn üns çekdi. Garyplygyň we baýlygyň çäklerini häsiýetlendirmegiň zerurlygy sebäpli, gatnaşyjylar garyplygyň we baýlygyň çäklerini resmi taýdan kesgitlemegi hödürlediler. Beýle kesgitleme häzirki wagtda ýok. Iki wezipe üçin hem indiki ädimler kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny öz içine alýar.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz