Press reliz

7-nji gün: DÖM boýunça konsultasiýalar durnukly ösüşiň 11-nji “Durnukly şäherler we ilatly ýerler” maksadyna bagyşlandy.

14 mart 2016

  • Alty töweregi ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri 11-nji maksadyň on wezipesini hem-de olaryň Türkmenistan üçin aktuallygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

11-nji “Şäherleri we ilatly ýerleri howpsuzlaşdyrmak we durnuklaşdyrmak” maksady üçin DÖM boýunça bü günki konsultasiýasy BSG we Türkmenistanyň gurluşyk we binagärçilik ministrligi tarapyndan hem-de BMGÖM we ÝUNESKO guramalarynyň goldamagy bilen gurnaldy. Bu maksat şu aşakdakylary öz içine alýar,

“Häzirki wagtda dünýäniň ilatynyň ýarysyndan gowragy şäher etraplarynda ýaşýar 2050-nji ýyla çenli bu san 6,5 milliarda çenli artar (Ýeriň ilatynyň üçden iki bölegi)”.

Ösüp barýan ýurtlarda ilatyň tiz artmagy hem-de onuň bilen bilelikde oba ýerlerinden şäher ýerlerine migrasiýanyň ösmegi megapolislerde “bum-a” getirdi. 1990-njy ýylda 10 million hem-de ondan köp ilatly 10 megapolis bardy. 2014-nji ýylda bolsa jemi 453 million adam ilaty bolan 28 sany megapolis bar.

Garyplyk köplenç şäher giňişliginde jemlenen, hem-de döwlet we şäher häkimýetleri bu etraplarda ösýän ilaty uýgunlaşdyrmaga synanyşýarlar.

Şäherleriň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek howpsuz we elýeterli ýaşaýyş jaýlaryny hem-de ýaşaýyş etraplaryny abadanlaşdyrmagy üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Bu şeýle hem köpçülikleýin ulag serişdelerine maýa goýumlary, ýaşyl köpçülikleýin ýerlerini döretmegi we şäher meýilleşdirmegini gowulandyrmagy öz içine alýar”.

Alty töweregi ministrlikleriň we edaralarynyň wekilleri 11-nji maksadyň on sany wezipesini hem-de olaryň Türkmenistan üçin aktuallygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu günki konsultasiýalaryň gatnaşyjylary ähli on sany global wezipeleri kabul etmek boýunça ylalaşdylar, 15 görkezijiniň on birisi üýtgewsiz kabul edildi, beýleki dört görkezijileri boýunça çözgüt entäk kabul edilmedi.

Maslahatyň dowamynda iki tema aýratyn üns berildi. Olaryň biri maýyplar ýaly ähli toparlaryň goşulyşmagyny göz öňünde tutýan elýeterli we howpsuz ulag ulgamyny üpjün etmek bolup durýar. Bu tejribe eýýäm paýtagtda başlandy, emma ýene ösdürilmegi talap edýär. Häkimýetleriň jemgyýet bilen aragatnaşyk mehanizmi hem öňe uly ädim ädip, ol hem konsultasiýalaryň dowamynda maslahatlaşyldy. Bu başlangyçlara häkimlikleriň web sahypalarynyň döredilmegi hem-de jemgyýetçilik bilen bilelikde şäherleri meýilleşdirmek degişli bolup durýar. Işi dowam etdirmek we has ýokary netijelere ymtylmak maslahat berilýär.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz