DÖM boýunça konsultasiýalar BMGÖM we Türkmenistanyň nebit we gaz ministrligi tarapyndan durnukly ösüşiň 7-nji “Gymmat bolmadyk, ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa hemmeleriň elýeterligi” maksady boýunça dowam etdi. Maksat şu aşakdakylary öz içine alýar,
“1990-njy ýyl bilen 2010-njy ýylyň aralygyndaky döwürde elektrik enerigýasyna elýeterligi bolan adamlaryň sany 1,7 milliard adam köpeldi, hem-de dünýädiň ilatyň artmagy bilen arzan energiýa isleg hem artar. Gazylyp alynýan ýangyçlara we parnik gazlarynyň bölünip çykarylmagynyň ýokarlanmagyna bagly bolan global ykdysadyýet biziň klimat ulgamymyzda düýpgöter üýtgeşmelere getirýär. Bu her bir sebite görnükli täsir edýär.
Emma alternatiw energiýa çeşmelerini höweslendirmek üçin täze stimul döredi hem-de 2011-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýa önümçiliginiň 20%-i dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýyna düşdi. Şeýle hem bolsa, her bäşinji adamyň energiýa bolan elýeterligi ýok, hem-de islegiň artmagyny dowam edýänligi sebäpli bütin dünýä boýunça dikeldilýän energiýanyň önümçiligi hem ähmiýetli derejede ýokarlanmaly.
2030-njy ýyla çenli elýeterli energiýanyň hemmelerde bolmagyny üpjün etmek gün, ýel we ýylylyk ýaly energiýa çeşmelerine maýa goýumlaryň goýulmagyny aňladýar. Tehnologiýalaryň has giň gerimi üçin ykdysady taýdan netijeli standartlary kabul etmek hem binalar we senagat tarapyndan elektrik energiýasynyň harçlanmagyny 14 göterim azaldyp biler. Bu bolsa orta sygymly elektrik stansiýalaryň 1300-sinden gaça durmalydygyny aňladýar. Ähli ösüp barýan ýurtlarda infrastrukturanyň giňeldilmegi we arassa energiýa çeşmelerini üpjün etmek üçin tehnologiýalaryň döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmek ösüşi höweslendirip biljek hem-de daşky gurşawa kömek edip biljek wajyp maksat bolup durýar”.
On töweregi ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri 7-nji maksada ýetmegiň bäş wezipesini hem-de olaryň Türkmenistan üçin aktuallygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu günki konsultasiýalaryň wekilleri bäş wezipäni bolşy ýaly kabul etmek boýunça ylalaşdylar. Alty görkezijiniň ikisi üýtgewsiz kabul edildi. Biri ýerli kontekst boýunça üýtgedildi we biri soňlugy bilen anyklanmaga degişli bolup durýar. Şeýle hem iki sany milli görkeziji işlenip düzüldi.
Maslahat esasan hem energiýa sygymy we dikeldilýän energiýa çeşmeleri ýaly temalary öz içine aldy. Ilki bilen hünär derejeli işgärler we hasapalamalar usulyýeti gerek. Türkmenistanyň öz üstüne energiýa sygymy barada habar bermek borjuny alanlygy sebäpli, bu görkezijiniň üstünde işlemek üçin Tebigaty goramak we ýer çeşmeleri boýunça döwlet komiteti bilen maslahatlaşmak teklip edilýär.
Ýurt şeýle hem dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmegi we bu ugurda geljekde hem işlemegi maksat edinýär. Gatnaşyjylar dikeldilýän energiýa çeşmeleri we olaryň 2020-nji ýyldan soň Türkmenistanda ulanylmagy boýunça öwrenilen tehnologiýalar, ylmy-barlag işleri boýunça hasabaty hödürlediler.