Press reliz

12-nji we 13-nji gün: DÖM boýunça konsultasiýalar 8-nji “Mynasyp iş ýerleri we ykdysady ösüş” maksadyna bagyşlandy.

22 mart 2016

  • Maslahat ýaşlar, migrantlar we işsizler ýaly dürli maksatlaýyn toparlara işe ýerleşmekde ýardam bermäge bagyşlandy

DÖM boýunça konsultasiýalaryň maslahatlary 8-nji “Durnukly ykdysady ösüşe ýardam etmek, hemmeleriň doly we netijeli işli bolmagy hem-de mynasyp iş ýerleri” maksat boýunça dowam etdirildi. Bu günki maslahat ÝUNFPA, Türkmenistanyň zähmet we sosial gorag ministrligi, Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan hem-de BMGÖM, MHG we “BMG zenanlary” guramalarynyň goldawy bilen geçirildi. Maksat şu aşakdakylary öz içine alýar,

“Soňky 25 ýylyň dowamynda 2008-2009-njy ýyllaryň dowamly ykdysady çökgünligine garamazdan garyplykda ýaşaýan işgärleriň sany dessine azaldy. Ösüp barýan ýurtlarda häzirki wagtda orta gatlak umumy işlileriň sanynyň 34 göterimini düzýär, bu görkeziji 1994-nji we 2005-nji ýyllar aralygynda üç esse köpeldi.

Dünýä ykdysadyýetiniň dikelmegine görä, biz has haýal ösüşi, ösüýän deňsizligi hem-de ösüp barýan işçi güýjünden yza galmazlyk üçin ýeterlik derejede tiz giňelmeýän işliligi görýäris. Halkara zähmet guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, 2015-nji ýylda 204 million töweregi adam işsiz galdy”.

11 töweregi ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri 8-nji maksada ýetmegiň on iki wezipesini hem-de olaryň Türkmenistan üçin aktuallygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu günki konsultasiýalaryň wekilleri bäş wezipäni bolşy ýaly kabul etmek, üçüsini ýerli şertlere laýyklykda üýtgetmek, ýene ikisini hem degişli milli usulyýetler işläp düzülenden soňra kabul etmek boýunça ylalaşdylar. 17 görkezijiniň bäşisi üýtgewsiz kabul edildi. Altysy ýerli kontekst boýunça üýtgedildi we ikisi soňlugy bilen anyklanmaga degişli bolup durýar.

Maslahatyň ünsi ýaşlar, migrantlar we işsizler ýaly maksatlaýyn toparlara işe durmakda ýardam bermekde jemlendi. Gatnaşyjylar şol toparlar üçin zähmet şertleriniň gowulandyrylmagynyň hem-de sosial ýeňillikleriň berilmegini wajyplygyny belläp geçdiler.

Olar şeýle hem bar bolam taslamalary durmuşa geçirýän Türkmenistandaky häzirki we täze maksatnamalary belläp geçdiler. Mysal üçin, ýaşlaryň işe ýerleşmekleri boýunça golaýda tassyklanan milli maksatnama işlilik, telekeçilik we ýaş maşgalalara kömek bermek ugurlaryny öz içine alýar. Türkmenistan üçin ähmiýetli görkezijileri durmuşa geçirmek üçin gatnaşyjylar DÖM boýunça jemleýji tapgyryň bir bölegi boljak çäreler ulgamyny işläp düzmek boýunça ylalaşdylar.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz