16-njy “Durnukly ösüşiň bähbitleri üçin parahat we inklýuziw jemgyýetlere ýardam bermek, hemmeler üçin adalatyň elýeterligini üpjün etmek hem-de ähli derejelerde netijeli edaralary döretmek” maksady BMGNJGG guramasy, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy we Içeri işler ministrligi tarapyndan hem-de BMGÖM, MHG we ÝUNISEF guramalarynyň goldamagy bilen geçirilen DÖM boýunça bü günki konsultasiýanyň predmeti boldy. Maksat şu aşakdakylary öz içine alýar,
“Parahatçylyk, adalatlylyk, adam hukuklary we kanunyň başda durmagynyň esasynda netijeli dolandyrmak durnukly ösüşiň wajyp ugurlary bolup durýar. Biz has köp bölünýän dünýäde ýaşaýarys. Käbir sebitlerde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we rowaçlygyň durnukly derejeleri saklanýar, şol bir wagtyň özünde beýleki sebitlerde tükeniksiz konfliktler we zorluklar bolup geçýär. Munuň öňüni alyp bolýar hem-de ol çözülmeli mesele bolup galýar.
Ýaragly zorluklaryň ýokary derejesi we howpsuzlygyň ýoklugy ösüp barýan ýurtlara örän ters täsir edýär. Ol ykdysady ösüşe hem täsir edýär we birnäçe nesilleriň dowamyna uzap bilýän obşinalaryň arasyndaky gaty görüşmekliklere getirýär. Jynsy zorluklar, jenaýatçylyk, ekspluatasiýa we beýleki zorluklar hem konfliktleri bar ýerlerinde we kanunyň başda durmaýa ýerlerinde ösen. Ýurtlar howp abanýanlary goramak üçin degişli çäreleri görmelidirler”.
13 töweregi ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri 16-njy maksada ýetmegiň on iki wezipesini hem-de olaryň Türkmenistan üçin aktuallygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu günki konsultasiýalaryň wekilleri ähli wezipeleri bolşy ýaly kabul etmek boýunça ylalaşdylar. 23 görkezijiniň on altysy üýtgewsiz kabul edildi. Dördüsi ýerli kontekst boýunça üýtgedildi we bir sany milli görkeziji işlenip düzüldi.
Maslahatyň dowamynda gozgalan möhüm temalar zorlugyň ähli görnüşlerini azaltmak, korrupsiýa garşy göreşmek we netijeli edaralary döretmek meseleleri bilen bagly bolup durýar.
Ýurtda fiziki, psihologiki we jynsy zorluklaryň umumy milli kesgitlemesi bolmasa-da, ýurt eýýäm degişli maglumatlary toplaýar. Ýakyn geljekde ÝUNFPA ýerli hyzmatdaşlary bilen bilelikde zorluk meseleleri boýunça barlaglary geçirer. Häzirki wagtda geçirilýän barlaglar tamamlanandan soň onuň netijeleri kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri bermekde ulanylar. Bu bolsa hökümet bilen BMG-nyň hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik berer.
Gatnaşyjylar korrupsiýa garşy göreşiň wajyplygy bilen ylalaşdylar, sebäbi ol adamlara deň hukuklardan, adalatyň elýeterliginden hem-de döwlet hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Adam söwdasy hem maslahatlaryň bir bölegi boldy.