Bütindünýä banky Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen bilelikde DÖM boýunça konsultasiýalarda 9-njy “Durnukly infrastrukturany döretmek, inklýuziw we durnukly senagatlaşma ýardam bermek we innowasiýalary höweslendirmek” maksady ara alyp maslahatlaşdylar. BMGÖM, BMG-nyň zenanlary, ÝUNFPA we BSG ýaly BMG-nyň edaralary konsultasiýalaryň geçirilmegine goldaw berdiler. 9-njy maksat şu aşakdakylary öz içine alýar,
“Infrastruktura we innowasiýalara durnukly maýa goýumlar ykdysady ösüşiň möhüm jähtleriniň biri bolup durýar. Şäherlerde dünýäniň ilatynyň ýarysyndan gowragynyň ýaşaýanlygy sebäpli, köpçülikleýin ulag serişdeleri we energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri, edil senagatyň täze pudaklarynyň hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi ýaly möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Tehniki öňegidişlik täze iş ýerleriniň döredilmegi we energiýa netijeliligi ýokarlandyrmak ýaly ykdysady we ekologiýa boýunça uzak möhletleýin meseleleri çözmekde esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Durnukly pudaklara ýardam bermek we ylmy barlaglara we innowasiýalara maýa goýumlary goýmaklyk – bu durnukly ösüşe ýardam bermegiň möhüm usullary.
4 milliarddan gowrak adam internete girip bilmeýär hem-de olaryň 90 göterimi ösüp barýan ýurtlaryň paýyna düşýär. Bu san aralygyny ýeňip geçmegiň innowasiýalary we telekeçiligi höweslendirmegiň netijesi hökmünde maglumatyň we bilimleriň deň elýeterli bolmagyny üpjün etmek üçin aýgytly ähmiýeti bardyr”.
Dokuz töweregi ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri 9-njy maksada ýetmegiň on wezipesini hem-de olaryň Türkmenistan üçin aktuallygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu günki konsultasiýalaryň wekilleri üç wezipäni bolşy ýaly kabul etmek hem-de dördüsini ýerli şertlere uýgunlaşdyrmak boýunça ylalaşdylar. 12 görkezijiniň üçüsi üýtgewsiz kabul edildi. Alty sany milli görkeziji işlenip düzüldi.