Press reliz

17-njy gün: DÖM boýunça konsultasiýalar 17-nji “Durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk” maksadyna bagyşlandy.

31 mart 2016

  • Gatnaşyjylar dokuz wezipäni ýerli şertlere görä üýtgetdiler

Türkmenistan DÖM boýunça konsultasiýalaryň jemelýji maslahaty 17-nji “Durnukly ösüşiň bähbidine global hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilmegini we işjeňleşdirilmegini berkitmek” maksady ara alyp maslahatlaşmak bilen tamamlandy. Bu konsultasiýa Türkmenistanyň maliýe ministrliginiň, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylygynda, hem-de BMGÖM we ÝUNISEF guramalarynyň goldamagynda geçirildi. Maksat şu aşakdakylary öz içine alýar:

“2000-nji we 2014-nji ýyllar aralygynda ösüşiň bähbidine ösen döwletlerden resmi kömek 66 göterim artan hem bolsa, konfliktler ýa-da tebigy betbagtçylyklar zerarly bolup geçýän gumanitar çökgünlikler ozalkylary ýaly maliýe çeşmelerini we kömegi talap edýär. Köp ýurtlar söwdanyň ösmegini höweslendirmek üçin ösüşiň bahbidine resmi kömege mätäç bolup galýarlar.

Häzirki wagtda dünýä öňkülerinden hem has ýokary derejede özara baglanyşykly. Tehnologiýalaryň we bilimleriň elýeterligini gowulandyrmak pikirleriň çalşygynyň hem-de innowasiýalary höweslendirmegiň möhüm usuly bolup durýar. Ösüp barýan ýurtlara öz bergilerini dolandyrmakda kömek edýän syýasatyň utgaşdyrylmagy, şeýle hem has pes ösen ýurtlar üçin maýa goýumlaryň berilmegi durnukly ösüşe ýetmek üçin örän wajyp bolup durýar”.

10 töweregi ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri 17-nji maksada ýetmegiň on wezipesini hem-de olaryň Türkmenistan üçin aktuallygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu günki konsultasiýalaryň wekilleri wezipeleriň dokuzysyny ýerli şertlere görä üýtgetdiler. 24 görkezijiniň ikisi üýtgewsiz kabul edildi. Bäş sany milli görkeziji işlenip düzüldi.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz