ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoly: häzirki zamany we geljekki ösüşi” atly halkara maslahaty
ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoly: häzirki zamany we geljekki ösüşi” atly halkara maslahaty
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Siziň Alyhezretleriňiz, hanym Bahargül Abdyýewa,
Hormatly ÝUNESKO-nyň wekili!
Hormatly gatnaşyjylar, hanymlar we jenaplar!
Ilki bilen maňa bu çärä gatnaşmaga ýardam berendigi üçin bu halkara derejeli maslahatyň guramaçylaryna minnetdarlygymy bildirmäge rugsat ediň.
BMG-niň Türkmenistandaky ähli gulluklarynyň adyndan we BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy hökmünde men Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de maslahatyň ähli gatnaşyjylaryny uly sepgit, ýagny Ýüpek ýolunyň Bütindünýä milletara mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen gutlaýaryn.
Ondan başga-da, Ýüpek ýolunyň ugrunda dörän we däp bolup gelen sport görnüşleriniň we oýunlaryny BMG-niň Ýüpek ýolunyň ugrunda medeni çäreleriň interaktiw atlasyna girizmek barada hünärmenleriň netijeli maslahatlary hem meni begendirýär.
Elbetde, Ýüpek ýoly adamzadyň taryhynda deňi-taýy bolmadyk hadysa bolupdy. B.e.öň 130-njy ýylda gurlan Ýüpek ýoly ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda halkara söwdasynyň ösmegine ýardam beripdi.
Ol dürli siwilizasiýalary birleşdiripdi hem-de Gündogaryň we Günbataryň iri sebitleriniň ilaty üçin ykdysady we medeni dialogy ýola goýmakda örän möhüm bolupdy. Ýüpek ýoly gadymyýetde ylymda we bilimde, senagatda we tehnologiýalarda ösüşlere ýetmekde, şeýle-de halklaryň medeniýetleriniň baýlaşmagynda esasy orny eýeläpdi. Müňlerçe ýyllaryň dowamynda ol biziň şu günki dünýämizi emele getiren pikirleriň we medeniýetleriň kemala gelmegine ýardam beripdi. Esasan hem, ol adam kapitalynyň ýokarlanmagyna we ösmegine yzygiderli täsiri ýetiripdi.
Ulag, aragatnaşyk ulgamlarynyň we sanly tehnologiýalarynyň tiz ösýän häzirki döwürde Ýüpek ýoly baradaky konsepsiýa täze mana eýe boldy. Şonuň üçin, 2012-nji ýylyň dekabr aýynda Birleşen milletler guramasynyň Baş assambleýasy 67/104 belgili Rezolýusiýany kabul etdi. Bu Rezolýusiýada Medeniýetleriň biri-birine ýakynlaşmagynyň halkara onýyllygy (2013-2022-nji ýý.) yglan edildi we agza ýurtlaryň özara düşünişmäge we medeniýetara dialogyny ýola goýmaga bolan islegini berkitdi.
Hormatly kärdeşler,
Bütindünýä parahatçylygy, howpsuzlyk, abadançylyk we ösüş boýunça howplaryň sany köp bolan şu günki dünýäde täzeden dikeldilen Ýüpek ýoly konsepsiýasynyň dostlugy, özara bähbitli we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi öňe sürmäge hem-de, onuň netijesinde, 2015-nji ýylda dünýä jemgyýeti tarapyndan kabul edilen durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmäge mümkinçiligi bar.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş ýaňy-ýakynda sözlän sözünde bütin dünýäni Beýik Ýüpek ýolundan nusga almaga we “ähli adamlaryň peýdasy üçin onuň ruhuny täze belentliklere götermäge” çagyrany hem ýöne ýerden däl. Täzelenen Ýüpek ýolunyň mümkin bolan artykmaçlyklaryna düşünip, soňky birnäçe ýylyň içinde kämilleşdirilen ulag infrastrukturasynyň, täze energetik ugurlarynyň, sportuň we medeniýetiň üsti bilen halklary birleşdirmek boýunça guramaçylyk başlangyçlaryň birnäçesi öňe sürüldi.
Türkmenistan soňky ýyllarda Ýüpek ýoluny dikeltmek we ony öňe sürmek boýunça ägirt uly işi ýetirip, bu ugurda üstünlik gazanan döwletleriň biridir.
Türkmenistanyň häzirki çäginiň Beýik ýüpek ýolunyň gadymy ugurlarynyň çatrygynda ýerleşendigi subut edildi. Kerwenlerdäki harytlar Türkmenistanyň üsti bilen ähli ugurlara äkidilipdi, şeýlelikde Türkmenistan siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklarynda möhüm orny eýeläpdi. Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşini, ýagny bar bolan infrastrukturanyň esasynda onuň täsiriniň has güýçlenendigini hasaba alsak, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistany “Beýik ýüpek ýolunyň ýüregine öwürmek” barada öňe süren başlangyjy maksadalaýykdyr.
Biz Türkmenistany Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi hökmünde öňe sürýän we ony 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine tarap öňe çykarýan köpsanly ösüşleriň şaýady bolduk.
Ýurt 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirip, halklaryň arasynda medeni we sport dialogynyň ýola goýulmagyna hem ýardam berdi. Oýunlar barada aýratyn bellemek zerur, çünki Hökümet bu Oýunlara gatnaşmak üçin Bosgunlaryň olimpiýa toparyny çagyrdy. Şondan soň, Türkmenistan “Amul-Hazar 2018” halkara çöl rallisini geçirdi. Onda meşhur we halkara derejeli ralli türgenleri ýurduň çäginde gündogardan günbatara çenli ýaryşdy.
Ýurt häzirki zaman garaýollary, demir ýollaryny, howa ýollaryny we deňiz portlaryny gurmaga uly maýa goýumlary goýdy.
Türkmenistan sebitleýin ulag baglanyşygyny döretmek ugrunda işjeň çäreleri alyp barýar, ýagny Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan halkara demir ýolunyň gurluşygyny tamamlamak ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Bu demir ýolunyň Kerki (Türkmenistan)-Ymamnazar-Akina (Owganystan) bölegi eýýäm tamamlandy. Ondan başga-da, Türkmenistanyň Hökümeti Owganystanyň öndürijilerini Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň we Ýewropanyň bazarlary bilen birleşdirýän “Lazurit” ulag geçelgesi boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegine goldaw berýär.
Energetika pudagynda Türkmenistan energiýanyň soňky sarp edijilere ygtybar we howpsuz ýagdaýda geçirilmegi baradaky konsepsiýany bütin dünýäde öňe sürýär. Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde durnuky çözgütlere getirjek iri taslama – Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasydyr.
Durnukly ösüş nukdaýnazarydnan, TOPH taslamasy durmuşa geçirilen ýagdaýda, deň ölçegli uglerod yzlaryny döretmezden, Günorta Aziýada öý hojalyklary we senagat üçin elýeter energiýany üpjün edip, tiz ykdysady ösüşe ýardam goşup bilýär, ýerli jemgyýetleri birleşdirýär we olara mümkin bolan ösüş mümkinçiliklerini teklip edýär.
Ondan başga-a, TOPH taslamasy bütindünýä ösüşi, parahatçylyk we howpsuzlyk, şeýle-de howanyň üýtgemegi boýunça gün tertipleriniň bölünmeýän we toplumlaýyn häsiýetleriniň mysalydyr. Günorta Aziýada parahatçylyk we howpsuzlyk bolmasa, Merkezi Aziýada durnukly ösüşe ýetmek kyn bolar. Eger dünýä gaz we gaz-ulag infrastrukturasyna maýa goýum goýmasa, ol kömre maýa goýum goýar we, netijede, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly howplar ýüze çykar.
Ýokarda bellenen başlangyçlar dikeldilen Beýik ýüpek ýolunyň häzirki zaman konsepsiýasyna doly laýyk gelýär. Olar halklaryň arasynda syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy öňe sürmegiň esasy bolup hyzmat edýär, netijeli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar, halklaryň geoykdysady kuwwatyny öňe çykarýar. Bu faktorlaryň ählisi 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň esasy ýörelgesi bolan “hiç kimi yzda galdyrmazlyk” ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegine getirýär we ösüşiň ähli ýere deň derejede ýaýramagyny üpjün edýär.
Hormatly gatnaşyjylar,
BMG-niň gulluklary Türkmenistanyň Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi hökmünde başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy saklaýar.
2014-nji ýyldan bäri, BMG sebitde durnukly durnukly we köpmodally ulag geçelgelerini öňe çykarmakda Türkmenistanyň Hökümetine goldaw berip gelýär. Bu babatda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş assambleýasynyň birnäçe rezolýusiýasy kabul edildi.
2016-njy ýylda ýurtda ilkinji gezek Birleşen milletler guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça bütindünýä maslahaty geçirilip, onda Hökümetler, BMG-niň ulgamy, beýleki halkara guramalar, hususy sektor we raýat jemgyýeti jemlendi. Olar durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde goldaw berjek durnukly ulag ulgamynyň ähli görnüşleriniň toplumlaýyn we bitewi häsiýetini bellän dialoga gatnaşdy. Aşgabatda gelnen netijeler boýunça hasabatda durnukly ulag ulgamy bolmasa, howanyň üýtgemegine garşy hereketler babatda we Durnukly ösüş maksatlary babatda öňegidişlikleriň bolmajakdygy barada bellendi.
Birleşen milletler guramasy energiýa geçirijileriniň ygtybarly geçirilmegine ýardam bermek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryny hasaba aldy we Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan teklip edilmegi bilen, Baş assambleýanyň birnäçe möhüm rezolýusiýasy kabul edildi.
Bu başlangyçlary durmuşa geçirmekde BMG-niň goldawy hünärmen bilimleri, tehniki kömek, halkara donorlar bilen gepleşigiň ýola goýulmagyna ýardam bermek, bütindünýä we sebitleýin forumlarda maliýe institutlary görnüşde kabul edildi.
Birleşen milletler guramasy döwletiň içinde infrastruktura bolan maýa goýumlary durnukly ösüşe bolan maýa goýumlaryna öwürmek üçin edaralaryň we adamlaryň mümkinçiliklerini kemala getirmäge ýardam berýär.
Birleşen milletler guramasy 2030-njy ýyla çenli Gün tertibi üçin serişdeleri bölüp bermek ugrunda innowasion maliýeleşdiriji mehanizmleriň, hususy sektor, raýat jemgyýeti we banklar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň üsti bilen maýa goýumlary çekmäge taýýar. Bu işde Türkmenistan bolsa sebitde möhüm logistika merkezi hökmünde orun tutýar.
Şeýle gepleşikler “Beýik ýüpek ýolunyň ýüreginde maliýeleşdirmäni ösdürmek ugrunda hyzmatdaşlyk” atly ösüş ugrunda maliýeleşdirme boýunça maslahatyň dowamynda başlandy. Maslahatyň netijesinde Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ösüş ugrunda maliýeleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk babatda we bank bilen “Al Qamra Holding Group” (Katar) hususy kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanda mümkin bolan taslamalary maliýeleşdirmek babatça iki sany Ähtnama gol çekildi.
Türkmenistanda durmuşa geçirilen dikeldilen Ýüpek ýoly konsepsiýasy daşky gurşaw meseleleri babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin mümkinçilik bolup hyzmat etdi. Türkmenistanyň Pariž ylalaşygyny berjaý etmäge ýykgyn etmegi bizi begendirdi we biz “ýaşly ykdysadyýet” boýunça çemeleşmeleri ösdürmekde goldaw berýäris. BMG ähli halkara gyzyklanýan taraplary Aral deňzini halas etmek boýuna halkara gaznasy (IFAS) bilen Aral deňziniň meseleleri babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çagyrdy. BMG Türkmenistana Baş assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlary - IFAS-y döredijiler bilen ylalaşylan BMG-niň Aral deňzi basseýni boýunça ýörite maksatnamasyny görkezmäge ýardam berdi. BMG daşky gurşaw bilen baglanyşykly meseleler boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we mümkin bolan goldawy bermäge, şeýle-de Aral deňzi sebitinde ýaşaýan jemgyýetleriň durnuklylygyny güýçlendirmäge taýýar.
Birleşen milletler guramasy Günorta-Günorta we sebitleýin hyzmatdaşlyga goldaw berýär we häzirki zaman Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň arasynda gatnaşyklaryň ösmegine ýardam berýär. Şeýle işler häzirki zaman Ýüpek ýollarynyň durnukly ösüşe ýetmegiň serişdesi hökmünde doly potensialynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýar.
Hanymlar we jenaplar,
Jemlemek bilen, men maslahatyň dowamynda üstünlikli we netijeli gepleşikleriň geçirilmegini arzuw edýärin we beýan edilen pikirleriň hem-de gelnen ylalaşyklaryň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine we onuň esasy ýörelgesi “hiç kimi yzda galdyrmazlyk” ýörelgesiniň ýerine ýetirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirýärin.
Diňläniňiz üçin sag boluň!