Durnukly ösüş maksatlaryna gözegçilik etmek boýunça Russiýanyň tejribesi Türkmenistanda görkezildi
24 ýanwar 2019
- Birleşen milletler guramasynyň Türkmenistandaky ofisi Russiýa Federasiýasynyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň (“ROSSTAT”) hünärmenleriniň Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine gözegçilik ediş ulgamyny döretmekde toplan tejribesini paýlaşmak üçin iş saparyna gelmegine goldaw berdi.
Wekilýet Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hem-de BMG-niň Türkmenistandaky gulluklarynyň wekilleri bilen duşuşdy we, netijede, Durnukly ösüş maksatlary boýunça milli gullugara Iş toparynyň agzalary üçin tegelek stol duşuşygyny geçirdi.
Russiýanyň hünärmenleri maglumaty ýygnamak prosesiniň guralyşy, Durnukly ösüş maksatlary barada hasabat bermek üçin dolandyryş statistika maglumatyny ýygnamak üçin gullugara utgaşdyryjy prosesiniň guralyşy, şeýle-de hökümete degişli bolmadyk guramalaryň hem-de hususy sektoryň bu prosese täsir ediş derejesi barada maglumat berdi. Ondan başga-da, olar web-sahypalary döretmek babatda, şeýle-de maglumat binýatlary we şeýle maglumat binýatlaryny döretmekde ulanylan platformalar boýunça tejribesini hem paýlaşdy.
Russiýanyň hünärmenleri gatnaşyjylaryň halkara maglumaty we meta-maglumaty ýygnamak we uýgunlaşdyrmak barada, şeýle-de olary Türkmenistanda ulanmagyň ýollary baradaky soraglaryna jogap berdiler.
“Milli potensialy güýçlendirmek köp işi öz içine alýar, oňa bölümleriň arasyndaky gatnaşyklar, dürli okuwlar, maglumaty ýygnamak boýunça täze usullary we tehnologiýalary öwrenmek hem-de uýgunlaşdyrmak degişli. Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň esasy ýörelgesi Durnukly ösüş maksatlarynyň statistikasynyň milli bähbitlere esaslanmalydygyny aňladýar” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa aýratyn belledi.
Russiýa Federasiýasynyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň bu iş boýunça nusgasy örän gyzyklydyr, çünki onuň wekilleri köpsanly milli we halkara başlangyçlara gatnaşýar. Ýyllaryň dowamynda olar uzak taryhy bolan we tiz üýtgeýän dünýäniň talaplaryna çalt uýgunlaşyp bilýän gurama öwrülmegi başardy. ROSSTAT-yň GDA döwletleriniň, BRIKS döwletleriniň ýerine ýetirýän işine goşýan goşandy, şeýle-de Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijileri boýunça gullugara hünärmenler toparyna işjeň ýagdaýda gatnaşmagy örän möhümdir.