Bar bolan çeşmelere hem-de gurallara baha bermekde hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň maglumat binýadyny döretmek üçin kartany işläp düzmekde goldaw bermek üçin iki sany halkara derejeli hünärmen jenap Roberto Biançini we hanym Lantona Sado çagyryldy. Durnukly ösüş barada hasabat bermek işine çekilen pudaklaýyn ministrlikleriň wekilleri bilen duşuşyklaryň dowamynda hünärmenler maglumat barada hasabat bermek we ony wagyz etmek boýunça milli platformany döretmek barada maslahatlary berdi hem-de maglumaty dolandyrmak we oňa gözegçilik etmek boýunça iň gowy tejribäni görkezdi.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde geçirilen jemleýji duşuşykda hünärmenler ähli hyzmatdaşlara Durnukly ösüş maksatlarynyň maglumat binýadynyň platformasy üçin mümkin bolan nusgalaryny görkezdi we olary döretmek üçin talap edilýän möhletler barada maglumat berdi. Indi Türkmenistanyň Hökümeti ýurt üçin iň gowy nusgany saýlamaly we teklip edilen indiki işler barada ylalaşmaly.