Press reliz

BMG we Türkmenistanyň Hökümeti COVID-19-yň durmuş-ykdysady täsiri boýunça Bilelikdäki iş toparynyň üçünji ýygnagyny geçirdi

26 awgust 2020

  • Türkmenistanda COVID-19-yň durmuş-ykdysady täsiri boýunça BMG bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikdäki iş topary 2020-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiň karary bilen kabul edilen Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere jogap bermek boýunça durmuş-ykdysady iş meýilnamasy babatda gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin 3-nji ýygnagy geçirmek üçin ýygnandy.

Ýygnakda Meýilnamanyň BMG-niň COVID-19-a tiz durmuş-ykdysady jogap beriş boýunça görkezmeleriniň esasynda işlenip düzülendigi we onuň Türkmenistanyň 2019-2025-nji ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüşi boýunça milli maksatnamasyna we beýleki milli ösüş maksatnamalaryna laýyk gelýändigi barada bellenildi.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa: “Meýilnamanyň ilatyň we ykdysadyýetiň iň ejiz toparlaryna pandemiýanyň durmuş-ykdysady netijelerini ýeňip geçmäge kömek etmekden ybaratdygyny bellemek gerek” – diýip nygtady.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri gatnaşyjylara meýilnamany durmuşa geçirmek üçin şu günki güne çenli görülýän çäreler, mysal üçin, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, jemgyýetçilik derejesinde durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak, kiçi we orta kärhanalar üçin karzlary tölemegi yza süýşürmek, sanly töleg ulgamlaryny öňe sürmek, kiçi we orta kärhanalary onlaýn hasaba almagy girizmek we ş.m barada habar berdiler.

Şeýle hem, BMG-niň guramalary Bilelikdäki iş toparynyň agzalaryna ýyllyk iş meýilnamalaryny meýilnamanyň ileri tutulýan ugurlary bilen deňeşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdiler, bu hem BMG-niň ýurtdaky ösüş ulgamy üçin ileri tutulýan ugurdyr. Mundan başga-da, BMG-niň Türkmenistandaky ýurt toparynyň meýilnamany durmuşa geçirmek üçin goşmaça serişdeleri toplamak ugrunda BMG ulgamynyň global başlangyçlaryna gatnaşmak boýunça işini güýçlendirendigi barada bellenildi.

Durmuş-ykdysady jogap beriş meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça BMG-niň tehniki utgaşdyryjysy hökmünde, BMGÖM meýilnamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin gözegçilik ulgamyny işläp düzmegi teklip etdi.

Duşuşygyň netijelerini jemläp, gatnaşyjylar Bilelikdäki iş toparynyň çäginde gepleşikleri dowam etdirmäge we meýilnamanyň öz wagtynda we netijeli durmuşa geçirilmegi barada BMG-niň guramalarynyň, halkara maliýe guramalarynyň we degişli ministrlikleriň we bölümleriň arasynda wagtal-wagtal geňeşmeleri geçirmäge razy boldular.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

IMF
Halkara Walýüta gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz