Press reliz

BMG-niň gulluklary Türkmenistanda BMG-niň Migrasiýa toruny işe girizýärler

07 sentýabr 2020

  • 2020-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda Hökümetiň goldawy bilen Birleşen milletler guramasynyň (BMG) gulluklary BMG-niň Migrasiýa toruny işe girizmäge ylalaşdy.

BMG-niň Migrasiýa torunyň döredilmegi BMG-niň Baş assambleýasynyň “Howpsuz, tertipli we yzygiderli migrasiýa üçin global ylalaşyk” (Global ylalaşyk) atly 73/195 belgili rezolýusiýasynda göz öňünde tutulýar. Migrasiýa baradaky global ylalaşygy goldaýan ähli ýurtlardaky BMG-niň gulluklary, şol sanda Türkmenistan öz ýurtlarynda we sebitlerinde BMG-niň Migrasiýa toruny işe girizýär. BMG-niň Migrasiýa tory dünýä derejesinde 38 sany halkara guramany öz içine alýar. Halkara Migrasiýa guramasy (IOM) Toruň utgaşdyryjysy we sekretariaty hökmünde çykyş edýär. BMG-niň Migrasiýa torunyň maksady BMG-niň täsirli, öz wagtynda we utgaşdyrylan işini ýeňilleşdirmekden we Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda Global ylalaşykda kesgitlenen maksatlara ýetmekde Türkmenistanyň Hökümetine goldaw bermekden ybarat.

Global derejede Halkara Migrasiýa guramasy Türkmenistanda BMG-niň Migrasiýa torunyň utgaşdyryjysy we sekretariaty hökmünde çykyş eder. BMG-niň Migrasiýa torunyň maksady migrasiýa dinamikasyna has gowy düşünmek, maglumatlary köpeltmek we BMG ulgamynyň çäginde we Türkmenistanyň Hökümeti, şeýle hem milli derejedäki beýleki gyzyklanýan taraplar bilen hyzmatdaşlykda migrasiýa meseleleri boýunça utgaşdyrmagy güýçlendirmek bolup durýar. Mundan başga-da, Türkmenistanda BMG-niň Migrasiýa tory Global ylalaşygyň maksatlaryny durmuşa geçirmäge we Türkmenistanyň milli kanunçylygyna laýyklykda migrantlaryň we raýat jemgyýetleriniň abadançylygyna gönükdirilen migrasiýa syýasatlaryny durmuşa geçirmäge kömek etmek üçin halkara guramalary, raýat jemgyýeti guramalary we beýleki gurluşlar bilen ýakyndan işleşer.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz