Iýul aýynyň 9-18-i aralygynda geçirilen Durnukly ösüş maksatlary boýunça BMG-nyň ýokary derejeli syýasy foruma (HLPF2019) Hökümetleriň, işewürlik jemgyýetiniň we raýat jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň müňden gowrak wekili gatnaşdy. Forumda BMG-nyň Baş sekretarynyň gazanylýan öňegidişlikler baradaky ýyllyk hasabatynyň esasynda, netije berýän we netijesiz gurallary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän Meýletin milli syna gatnaşýan döwletleriň Durnukly ösüş maksatlary ugrunda gazanan öňegidişlikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Wekilýetiň agzasy hökmünde Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçisi Kemal Gaýtnazarow Türkmenistanyň ähli ýaşlarynyň adyndan gürläp, olaryň durmuşlaryna täsir edýän zatlar barada, şeýle-de Türkmenistandaky ýaşlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça bütindünýä maslahata nähili goşant goşup biljekdigi barada gürrüň berdi. “Kimdir biri üçin öňegidişlik boýunça artykmaçlyklaryň azlyk edýän ýagdaýynda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek kyn bolar. Biz, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri, öz işlerimize mümkinçilikleri çäkli ýaşlary we ýaşlaryň beýleki toparlaryny işimize çekip, ähli adamlaryň bu işe çekilmegini üpjün edýäris” diýip, ýaş ilçi belledi.
Wekilýetiň çäginde Türkmenistan “Serhetüsti suwlar serhetüsti peýdalar üçin: Merkezi Aziýanyň serhetleriniň üstünden we onuň daşyndan suw baýlyklarynyň durnukly ýagdaýda dolandyrylmagyna ýardam bermek üçin Durnukly ösüş maksatlaryny üpjün etmek” atly goşmaça çäräni hem gurady. Bu çäre BMG-nyň Nýu Ýork şäherindäki edara binasynda bolup geçdi. Çärä gatnaşyjylar, şol sanda BMG-nyň Merkezi Aziýa döwletleriniň hemişelik wekillikleriniň wekilleri, halkara guramalar howanyň üýtgemegi, şeýle-de dünýäniň dürli sebitlerinde suw baýlyklarynyň gutarmagy netijesinde ýüze çykýan ykdysady betbagtçylyklaryň zyýanlaryny aradan aýyrmak boýunça tagallalary birleşdirmegiň möhümligi barada pikir alyşdy.
“Daşky gurşawa gözegçilik etmek we ony goramak boýunça işlere goldaw bermek, şeýle-de Durnukly ösüş maksatlarynyň ykdysady talaplarynyň berjaý edilmegi ugrunda işler boýunça maglumaty ulanmak zerur” diýip, BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa belledi.
Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň arasynda ulag boýunça halkara hyzmatdaşlygyň möhümligi barada belläp, türkmen wekilýeti Baş sekretarynyň orunbasarynyň ofisi tarapyndan guralýan forumlara geljekde-de gatnaşmaga özüniň taýýarlygy barada belledi. BMG-nyň Aziýa sebiti we Ýuwaş ummany boýunça ykdysady we jemgyýetçilik komitetiniň ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşygyň barşynda, taraplar Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde, şeýle-de Türkmenistanyň BMG-nyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri boýunça ýörite maksatnamasyna (“SPECA”) ýolbaşçylyk etmeginiň çäginde sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça amaly tapgyrlaryň birnäçesi barada maslahatlaşdy.