Aşgabatda ýolagçylar barada deslapky maglumat alyş ulgamyny ornaşdyrmak babatyndaky kanuna syn
29 ýanwar 2021
- Şu gün Halkara Migrasiýa Guramasy - BMG-niň Migrasiýa babatyndaky agentligi (HMG) Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy bilen bilelikde ýolagçylar barada deslapky maglumat ulgamyny (API) ornaşdyrmak babatyndaky kanunçylygy ýola goýmak üçin telekonferensiýa arkaly maslahat geçirdi.
Bu çäre Merekzi Aziýa döwletleri üçin HMG-niň ösüş gaznasynyň maliýeleşdirýän «Merkezi Aziýa döwletlerinde ýolagçylar barada deslapky maglumat alyş ulgamyny (API) ornaşdyrmak» atly sebitleýin taslamasynyň çäginde gurnaldy. Bu maslahata esasanam API iş toparynyň wekilleri gatnaşdy: Döwlet migrasiýa gullugy, "Türkmenhowaýollary" agentligi, Içeri işler ministrligi, Daşary işler ministrligi, Döwlet serhet gullugy, Milli howpsuzlyk ministrligi we Döwlet gümrük gullugy.
Maslahatyň dowamynda HMG-niň hukuk hünärmeni doktor Rişi Gulati API ulgamyny kadalaşdyrmak ugrunda Türkmenistanyň bar bolan kanunçylygy boýunça syn we seljerme hödürledi, öňdebaryjy halkara tejribesine esaslanyp geljekde kanunyň mümkin boljak nusgasyny hödürledi, şeýle hem Türkmenistanda API-ni girizmek üçin kanunçylyk binýadyny has-da gowulandyrmak üçin birnäçe möhüm meseleleriň üstünde durup geçdi. Gatnaşyjylar bilermene birnäçe sowal berdiler, olary bolsa doktor R. Gulati API-ni durmuşa geçirmek üçin alnyp barylýan işleriň esasy hökmünde häsiýetlendirdi.
Türkmenistanda HMG-niň ýolbaşçysy Azat Atajanow, guramanyň adyndan gatnaşyjylara işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we HMG-niň Türkmenistanyň döwlet ministrlikleri we edaralary bilen API-ni durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde işlemegi dowam etdirmäge taýýardygyny we 2021-nji ýylda Türkmenistanyň hökümeti bilen HMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Milli hereket Meýilnamasynyň çäginde birnäçe çäreleri guramagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
Has giňişleýin maglumat üçin habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:
Diana Çaryýewa, Maksatnamanyň kömekçisi
Telefon: +99312488407
E-poçta: dchariyeva@iom.int